Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň nebit ministri bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
Penşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Myhman döwlet Baştutanyna, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň mähirli salamyny ýetirdi.
Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministrini myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, dostlukly döwletiň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu saparyň çäklerinde geçiriljek ikitaraplaýyn duşuşyklardyr gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe boljakdygyna, ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşykda nebitgaz ulgamyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly mesele hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Umumy pikire görä, agzalan ulgamda gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemek hem-de iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça özara pikir alyşmalaryň peýdaly boljakdygyna ynanýaryn diýip, döwlet Baştutany nygtady we türkmen tarapynyň netijeli teklipdir başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady.
Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýokary derejede alnyp barylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.
Nygtalyşy ýaly, özara hormat goýmak we birek-birege düşünişmek ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklar ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.
Iki ýurduň dürli derejedäki Hökümet wekiliýetleriniň amala aşyrýan iş saparlary, şeýle hem geçirilýän maslahatlaşmalar, gepleşikler hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar.
Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda netijeli gatnaşyklar ösdürilýär, hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky özara hereketler has-da berkeýär.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owji döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda alty aýyň jemlerine garaldy
11-nji iýulda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
HNGU-nyň mugallymlary Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 10 mugallymy 28-nji iýundan 7-nji iýula çenli Hytaý Halk Respublikasynyň Siýan we Çende şäherlerinde ýerleşýän Siýan nebit uniwersitetinde hem-de Hebeý hünär-tehniki nebit uniwersitetinde hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasyna beren interwýusy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde, eýran tarapynyň haýyşy boýunça, EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasynyň (IRIB) žurnalisti Seýýed Mohsen Hoseýniniň sowallaryna jogap berdi.
Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi
4-nji iýulda «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezinde guralan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal diňe bir daşky gurşawy goramagyň däl, eýsem ekologik medeniýeti ylmyň hem-de amaly tejribeleriň üsti bilen baýlaşdyrmagyň meýdançasyna öwrüldi.