Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi
Duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Bu duşuşyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini berkitmäge we onuň täze ugurlaryny hem-de mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirildi.
Türkmen tarapy energetika, mineral serişdeleriň özleşdirilmegi, himiýa senagaty we ulag ulgamlarynda taslamalaryň amala aşyrylmagy babatynda köpýyllyk taryha eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň depginli ösdürilýändigi barada belledi.
Bu babatynda 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň ähmiýeti nygtaldy. Şol duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüdrilmegine we hil taýdan täze derejä çykarylmagyna gönükdirilen anyk başlangyçlar öňe sürüldi.
Duşuşykda geljegi uly bolan taslamalary amala aşyrmagyň meselelerine üns çekildi. Hususan-da, özüne düşýän gymmaty ýokary bolan önümleriň eksport edilmegine ýapon kompaniýalarynyň çekilmegi, taslamalaryň maliýeleşdirilmeginiň diwersifikasiýasy, “ýaşyl” we wodorod energetikasy boýunça tejribäniň öwrenilmegi, döwrebap ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegi, şeýle-de bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna kiçi we orta telekeçilik kärhanalarynyň çekilmegi boýunça meseleler maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň dowamynda ýapon kompaniýalary senagat we energetika geçişi bilen bagly taslamalary amala aşyrmaklyga uly gyzyklanma bildirdiler.
Gepleşikler tamamlanandan soň, türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen ýapon kompaniýalarynyň arasynda duşuşyklar geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.