Habarlar

Mary welaýatynyň erkin göreş boýunça çempionaty çekeleşikli geçirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/6588/original-165afe0a7f41eb.jpeg

Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň gurnamagynda Murgap etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň № 1 sport mekdebinde erkin göreş boýunça Mary welaýatynyň çempionaty geçirildi. Çekeleşikli geçen göreşde 15 ýaşdan ýokary türgenler özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda türkmenistanly ýaşlaryň sagdyn, giň dünýägaraýyşly, ruhy kuwwatlygy ýokary bolup ýetişmekleri ugrynda köp işler durmuşa geçirildi we geçirilmegini dowam etdirýär. Ýaş türkmen türgenleri dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän çempionatlarda özlerini görkezip halklaryň arasynda türkmen baýdagyny bellentden pasyrdatýarlar. Başarjaň türgenleri ýüze çykarmak ugrynda biziň welaýatymyzda hem yzygiderli bäsleşikler geçirilýär. Biz tälimçileriň esasy maksady türgenlerimize dogry ýoly görkezip, olaryň gazanan üstünliklerine buýsanmakdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda sagdyn nesiliň kemala gelmegi üçin alyp barýan işleri bize ruhy goldaw bolup, geljege bolan ynamymyzy hasda artdyrýar. Goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin.

Didar AMANBERDIÝEW,

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň №1 sport meddebiniň okuw-sport işleri boýunça direktoryň orunbasary, TMÝG-nyň Murgap etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.

Başga habarlar
16ae5c52651478.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.


16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.


16ae430966182c.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.

16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.


16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.