Tokioda Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon diline terjime edilen “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitaby tanyşdyryldy
Sişenbe güni Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Tsukuba Uniwersitetinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorlarynyň gatnaşmagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon diline tejime edilen “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Çärä Tsukuba Uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary, Ýaponiýanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, Ýaponiýada bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Çärede çykyş eden myhmanlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitabynyň ýokary ähmiýetini bellediler. Onda nesilden nesle geçip gelýän türkmen däplerine we taryhymyza hem-de ýurdumyzyň häzirki ösüşlerine üns berilýär.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar kitapda adamzadyň, dünýäniň, tebigatyň we durmuşyň ähmiýeti baradaky pikirleriň jemlenendigini hem-de ýaş nesle gymmatly öwüt-ündewleriň beýan edilendigini bellediler.
Kitabyň “Ýagşy adam ýatdan çykmaz” atly bölümine aýratyn üns berildi. Onda Ýaponiýanyň öňki Premýer-ministri Sindzo Abeniň türkmen-ýapon dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegindäki möhüm orny beýan edilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.