Habarlar

“Lebapgazüpjünçilik” müdirligi Lebap welaýatynda gaz üpjünçiliginiň ýokary depginlerini saklaýar

https://ussatnews.com/storage/posts/6604/original-165b4c0f04eb22.jpeg

Ýurdumyzda ilatly nokatlaryň, önümçilik desgalarynyň, medeni-hojalyk maksatly binalaryň gaz bilen üpjünçilik meseleleri we içerki sarop edijileri tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmeklik Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň hemişe üns merkezinde saklanýar.

Gyş möwsüminde bu meselä aýratyn jogapkärçilik bilen çemeleşilýär. Çünki bu döwürde tebigy gazyň sarp edilişi has hem artýar. Bu ýagdaý sarp edijileriň ýangyç bilen üznüksiz üpjün edilmegini, şeýle hem howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilmegini talap edýär.

- Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň ilatly nokatlary üçin hem tebigy gaz üpjünçiligi ýokary derejede alnyp barylýar. Müdirligimiziň işgärleri gaz üpjünçilik ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmekde yhlasly zähmet çekýärler we adatda daşary ýagdaýlaryň öňüni alýarlar – diýip, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Lebapgazüpjünçilik” müdirliginiň zähmeti goramak we ýol hereketiniň howpsuzlygy bölüminiň müdiri Ramazan Genjiýew belledi.

Şu maksat bilen çäreleriň giň toplumy geçirildi. Hususan-da, şäher we welaýat gaz hojalyk edaralarynyň hünärmenleri 378 sany gaz paýlaýjy beketlerde we 3273 gaz sazlaýjy nokatlarda barlag we gözegçilik işlerini geçirdiler. Ýüze çykarylan näsazlyklar ýerinde gysga wagtda we ýokary hilli düzedildi. Degişli çäreler ýerasty we ýerüsti gaz geçirijilerinden hem bellenilen meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Şol bir wagtda müdirligiň hünärmenleri öňdebaryjy tehniki serişdelerden hem netijeli peýdalanýarlar.

Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Şol bir wagtda täze ilatly nokatlary gaz bilen üpjün etmek işleri hem bökdençsiz alnyp barylýar. Tebigy gazdan peýdalanmagyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, bu öý hojalyklarynda gaz hojalygynyň ýerli edaralarynyň işgärleri tarapyndan gaz üpjünçilik ulgamynyň talabalaýyk işlemegi üçin yzygiderli gözegçilik edilýär.

Ilatyň we kärhanalaryň gaz howpsuzlygy üçin jogapkär hünärmenler bilen bilelikde ilatyň arasynda tebigy gazdan dogry peýdalanmak boýunça çäreler geçirilýär. Olarda tebigy gazdan rejeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berilýär.

Başga habarlar
16ae5c52651478.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.


16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.


16ae430966182c.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.

16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.


16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.