Habarlar

Türkmenistan arassa energetikany ileri tutmakda anyk ädimleri ädýär

https://ussatnews.com/storage/posts/6610/original-165b64126dca03.jpeg

Türkmen wekiliýetiniň 22-23-nji ýanwarda Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň barşynda resminamalaryň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşid Meredow hem-de Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ken Saýto Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda baglaşylan Energetika geçmek hakynda ähtnama gol çekdiler.

Resminama laýyklykda taraplar energiýany tygşytlama, energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri, wodorod, ammiak, elektroýangyç, uglerody tutmak, ulanmak we saklamak, metanyň syzmagyna garşy çäreleri görmek, elektrik energiýasyny öndürmegiň ýokary netijeli tehnologiýalary ýaly ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýärler. Taraplar Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda önümçilik işleri geçirilende parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga ýardam edýän tehnologiýalar babatda özara gatnaşyklary ýola goýmak barada ylalaşdylar. Şeýlelikde, iki ýurduň dekarbonizasiýa (energiýanyň pes uglerodly çeşmelerine esaslanan ykdysadyýet) babatda hyzmatdaşlyk etmegi üçin esas döredildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ahal welaýatynda Tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň Ikinji Toplumynyň taslamasyny işläp taýýarlamagy we gurup ulanmaga bermegi göz öňünde tutýan resminama gol çekildi, ol uglewodorodlar gazylyp alynanda metanyň howa zyňylýan mukdaryny azaltmak üçin tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ýardam eder.

Ken Saýtonyň belleýşi ýaly, uglerod bitaraplygyny gazanmakda Merkezi Aziýanyň orny barha artýar. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi Merkezi Aziýanyň ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen uglerodsyzlandyryjy tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär.

Ýaponiýada geçirilen iş duşuşyklary Global metan borçnamasyny amala aşyrmakda möhüm ädime öwrülip, olarda ýangyç-energetika toplumy babatda arassa tehnologiýalary ösdürmekde özara gatnaşyklar bilen bagly meseleler gozgaldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Dubaýda geçirilen COP28 sammitinde çykyş edip, biziň ýurdumyzyň şol borçnama goşulýanlygyny resmi taýdan beýan etdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, ýangyç-energetika toplumynda energetika sektorynyň kärhanalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, innowasion we energotygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bar bolan infrastrukturany täzelemek we ýokary hilli hyzmat etmek, täzesiniň taslamasyny işläp düzmek boýunça işler geçirilýär. Energiýa serişdeleri gazylyp çykarylanda ekologiýa töwekgelçilikleri azaltmak, önümçilige netijeli gorag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işlere, halkara hyzmatdaşlygyna, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaponiýada geçirilen duşuşyklar ýurdumyzyň şol ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge we işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklaýar.

Başga habarlar
16ae5c52651478.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.


16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.


16ae430966182c.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.

16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.


16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.