Habarlar

Halkymyzyň buýsanjyny artdyrýan döwür

https://ussatnews.com/storage/posts/6613/original-165b8b7e15a2f4.jpeg

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza baştutanlyk edip başlan ilkinji günlerinden halkymyz barada aladany öz syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde öňe sürüp, türkmenistanlylaryň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine ösüşiň täze belentliklerine tarap aýgytly ädimleri kesgitledi. Halkymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşynda agzybirlikde jebisleşmegi, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alan oňyn özgertmeleriniň ählumumy goldawa eýe bolmagy netijesinde, Türkmenistan dünýäniň çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Munuň şeýledigine Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, ak mermerli paýtagtymyzdaky okgunly ösüşler aýdyň şaýatlyk edýär.

Berkarar Watanymyzyň gözel şäheri yzygiderli abadanlaşdyrylýar, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylyp, giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy amala aşyrylýar, şäheriň çäkleri giňelip, türkmen paýtagtynyň görküne görk goşýar. Ak mermerli Aşgabat binalarynyň dizaýn aýratynlygy hem-de owadan keşbi bilen haýran galdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we Gahryman Arkadagymyzyň goldamagynda paýtagtymyzda gurulýan durmuş maksatly täze desgalaryň taslamasy düzülende, adamlaryň ýokary durmuş şertlerini üpjün etmek wezipesi ileri tutulýar. Bu ugurda amala aşyrylýan işler dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýän Aşgabadyň durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary derejesine çykandygyna güwä geçýär.

26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Aşgabadyň binagärlik keşbi has-da gözelleşdirilýär, paýtagtymyzda ýüzlerçe ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, awtomobil ýollarynyň, seýilgähleriň gurulmagy nusgalyk işleriň amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr. Paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça hem uly işler durmuşa geçirilýär. Umumy meýdany 50 gektara barabar bolan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan çäreleri muňa aýdyň mysal hökmünde getirip bolar.

Hormatly Prezidentimiziň geçen hepdedäki Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, bu günki gün Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbi has-da gözelleşýär. Paýtagtymyzda ýaşamak, işlemek we dynç almak üçin nusgalyk işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabatdaky «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähini döwrebap ýagdaýa getirmegiň, bu bagy-bossanly künjekde paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin ähli şertleriň döredilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, onuň ak şäherimiziň binagärlik keşbine laýyk gelmelidigini belledi.

Durkuny täzelemek işleriniň çäklerinde paýtagtymyzdaky «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähinde ýerüsti pyýada geçelgeleriň ikisini, welosiped ýodalaryny, dynç alyş bassyrmalaryny, suw howuzlaryny, bassyrmaly awtoduralgalary gurmak hem-de döwrebap yşyklandyryş sütünlerini ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de seýilgähiň çäginde ýaşyl zolaklary döretmek, abadanlaşdyrmak işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi we göwnejaý dynç almagy üçin giň mümkinçilikleri döredýärler.

Aşgabat şäheriniň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy, saglygyny berkitmegi, dikeltmegi üçin döwrebap medeni-dynç alyş seýilgähleriň, köpugurly söwda we dynç alyş merkezleriň, paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda saglygy goraýyş ulgamynda iň soňky gazanylan tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýan Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem-de A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda bina edilýän Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we başga-da ençeme gurluşyklaryň alnyp barylmagy ýurdumyzda durmuş ugurly desgalaryň gurluşygyna berilýän ägirt uly ünsüň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa her bir türkmenistanlynyň buýsanjyny artdyrýar.

Şeýle hem biz Arkadagly Serdarymyzyň döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny batly depginlerde alyp barýandygynyň şaýady bolýarys. Bu syýasat mähriban halkymyzyň abadançylygyny, watandaşlarymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, iň gowy ýaşaýyş-durmuş şertleriniň döredilmegine gönükdirilendir. Netijede, ak mermerli paýtagtymyzda ýokary amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlary, mekdepler, çagalar baglary, saglyk öýleri, söwda merkezleri ulanylmaga berilýär. Soňky ýyllarda aşgabatly maşgalalaryň müňlerçesi ýurdumyzyň baş şäheriniň görküne görk goşan täze, döwrebap jaýlara göçüp bardylar. Bu bolsa Watanymyzyň ajaýyp üstünlikleriniň aýdyň nyşanyna öwrüldi we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň möhüm görkezijisi bolup durýar.

Merkezi Aziýanyň merjeni diýlip atlandyrylýan Türkmenistanyň paýtagtynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze gurlan we gurulýan binalar, ýollaryň, ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň, awtoduralgalaryň, saýaly baglary we ajaýyp gül aýmançalary bolan seýilbaglaryň gurulmagy, giň köçeleriň arassalygy Aşgabadyň ýaşaýjylarynda we myhmanlarynda joşgunly buýsanç we ruhubelentlik duýgusyny döredýär.

Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesinden ugur alýan Arkadagly Serdarymyzyň syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär. Halkymyzyň abadan we bagtly durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän zerur bolan düzümi kemala getirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry bolup, adamlar hakynda hemmetaraplaýyn alada onuň esasyny düzýär. Bu bolsa Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen öňe tarap ynamly gadam urýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Ussa USSAÝEW,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Başga habarlar
16a53e165189bc.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.


16a5252e31c7f6.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda alty aýyň jemlerine garaldy

11-nji iýulda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


16a4cddceadee6.jpeg
HNGU-nyň mugallymlary Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 10 mugallymy 28-nji iýundan 7-nji iýula çenli Hytaý Halk Respublikasynyň Siýan we Çende şäherlerinde ýerleşýän Siýan nebit uniwersitetinde hem-de Hebeý hünär-tehniki nebit uniwersitetinde hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler.

16a4ccce8c2257.jpeg
Gahryman Arkadagymyzyň EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasyna beren interwýusy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde, eýran tarapynyň haýyşy boýunça, EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasynyň (IRIB) žurnalisti Seýýed Mohsen Hoseýniniň sowallaryna jogap berdi.


16a49ff9d592e7.jpeg
Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

4-nji iýulda «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezinde guralan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal diňe bir daşky gurşawy goramagyň däl, eýsem ekologik medeniýeti ylmyň hem-de amaly tejribeleriň üsti bilen baýlaşdyrmagyň meýdançasyna öwrüldi.