Arkadag şäherinde önümçilik desgalarynyň taslamasy boýunça maslahat beriş işlerini german kompaniýalary ýerine ýetirer
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän resminama gol çekdi.
Germaniýaly bilermenler Arkadag şäherinde azyk, senagat, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň önümçilik zolagynda binalary hem-de desgalary gurmak üçin maslahat beriş hyzmatyny ýerine ýetirerler.
Geçen ýekşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada yglan edilen halkara bäsleşikde ýeňiji bolan GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Wladimir Matias we bu kompaniýanyň uly geňeşçisi Hans Gerd Prödel bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Arkadag şäherinde dörediljek halkara derejedäki lukmançylyk klasteri diňe bir içerki bazar üçin däl, eýsem, eksport üçin hem dürli görnüşli lukmançylyk önümlerini öndürmäge niýetlenendir. Ýerli çig mal serişdeleriniň ulanylmagy önümiň ýokary hilli, ekologik taýdan arassa bolmagyna, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pugtalandyrylmagyna ýardam berer diýip, kompaniýanyň ýolbaşçylary bellediler hem-de maslahat beriş hyzmatlarynyň ýokary derejede ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdylar.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň üstünlikli iş alyp barmagy üçin degişli hukuk binýadynyň bolmagy, ähli zerur şertleriň üpjün edilmegi germaniýaly işewürleriň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny berkitmäge gyzyklanmalaryny artdyrýar.
Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.