Habarlar

USAID-iň YDA taslamasy Maryda “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde IT ugurlary boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlady

https://ussatnews.com/storage/posts/6621/original-165b9d8466d42e.jpeg

Şu ýylyň ýanwar aýynda USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň okuw merkezi bilen bilelikde “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň Marydaky tapgyryny üstünlikli tamamlady. Alty aýlyk maksatnamanyň çäklerinde gatnaşyjylaryň 33-si şu ugurlaryň biri boýunça hünar aldylar: “IT ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek we dolandyrmak” we “Grafiki dizaýny”.

USAID-iň YDA Taslamasynyň “TechYouth Bootcamp” maksatnamasy IT ugurlar boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir we “bootcamp” formatynda “doly çümmek” görnüşinde intensiw kurslaryny öz içine alýar. Maksatnamanyň esasy maksady ýaşlara hünär almaga we işe ýerleşmäge mümkinçilik bermek.

Maksatnamanyň birinji tapgyry Aşgabatda 2022-nji ýylyň dekabr aýyndan 2023-nji ýylyň iýun aýyna çenli üstünlikli amala aşyryldy. Maksatnamanyň ikinji tapgyry bolsa Maryda 2023-nji ýylyň iýul aýynyň 14-den 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň 17-ne çenli ýerine ýetirildi.

Maksatnamanyň Mary tapgyrynyň uçurymlarynyň 33-si zähmet bazarynda isleg bildirilýän hünarlerine eýe boldular we olaryň 20-den gowragy okuwyň gidip duran döwründe Mary welaýatyndaky öňdebaryjy kompaniýalaryna işe girdiler.

Ýanwar aýynyň 17-de “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň “Algoritm” okuw merkezinde maksatnamanyň uçurymlaryna okuwy üstünlikli tamamlandyklary barada şahadatnamalar gowşurylyş dabarasy baýramçylyk ýagdaýda geçirildi. Dabarada uçurymlar maksatnamanyň gurnaýjylaryndan we mugallymlaryndan mähirli gutlaglary we üstünlik arzuwlaryny minnetdarlyk bilen kabul etdiler. Iş beriji kompaniýalarynyň wekilleri öz çykyşlarynda gatnaşyjylaryň öz hünärlerini gowy özleşdirendiklerini we olar ýokary derejede taýýarlygyny we höweslerini görkezýändikleri belläp geçdiler.

“TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň Aşgabat we Mary tapgyrlarynyň üstünliklerine esaslanyp, USAID-iň YDA Taslamasy şu ýylyň fewral aýynda bu maksatnamanyň indiki tapgyryny Türkmenabatda amala aşyryp başlaýar.

“TechYouth Bootcamp” maksatnamasy USAID-iň Türkmenistanda ýaşlaryň ukyplaryny ösdürmäge üns berýändigini görkezýän mysal bolup durýar. Ýaşlary gymmatly iş tejribesini toplamak we dürli pudaklarda ulanylýan täze hünärleri ele almak üçin platforma bilen üpjin edip, bu maksatnama olara şu günki bäsdeşlikli zähmet bazarynda üstünlik gazanmaga mümkinçilik berýär.

Başga habarlar
16ae5c52651478.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.


16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.


16ae430966182c.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.

16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.


16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.