Habarlar

Serdar Berdimuhamedow nebitgaz ulgamynda halkara ylmy-barlag institutlary bilen gatnaşyklary giňeltmegi tabşyrdy

https://ussatnews.com/storage/posts/6645/original-165be1d555369c.jpeg

Geçen anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan meselelere garaldy.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer B.Amanow nebitgaz pudagynyň ylmy-barlag institutlarynyň işleri, hususan-da, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, bu ulgamda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty we “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” instituty bilen bilelikde hereket edýän nebitgaz ýataklaryny netijeli ulanmaga gönükdirilen işler yzygiderli amala aşyrylýar.

Gaz we gaz kondensaty ýataklary institutlaryň alymlarynyň we hünärmenleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan taslamalary boýunça özleşdirilýär. Alymlaryň, hünärmenleriň öňünde geologiýa, ýataklary özleşdirmek, burawlamak we nebitgaz desgalarynyň taslamalaryny işläp düzmek, olary öz wagtynda önümçilige ornaşdyrmak ulgamynda ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek babatda wezipeler goýuldy.

Öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak maksady bilen, ýurdumyz uly tejribä we kuwwata eýe bolan ygtybarly daşary ýurt nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek, nebitgaz infrastrukturasyny gurmak ýaly işlere ylmy taýdan çemeleşmek boýunça «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernlerine degişli bolan ylmy-barlag institutlarynyň wajyp ornunyň bardygyny belledi.

Şoňa görä-de, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmekde ylmy-barlag institutlarynyň alyp barýan işleri bilen bir hatarda, nebitgaz ugry boýunça işleýän halkara ylmy-barlag institutlary bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Başga habarlar
16ae5c52651478.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.


16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.


16ae430966182c.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.

16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.


16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.