Magtymguly Pyragynyň kanoniki portretiniň döreýşi
Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň zallarynyň birini Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň döreden beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň kanoniki portreti bezeýär. Bu portret Magtymgulynyň keşbiniň hut şeýle bolandygyna ynamymyzy berkitdi. Ýogsa, eseriň döredilen wagty suratkeş bary-ýogy 23 ýaşynda eken, ol şonda-da fotosuraty bolmadyk şahyryň keşbini şekillendirmäge ýaýdanmandyr. A.Hajyýewiň ýerine ýetirmeginde Magtymgulynyň asyl keşbiniň emele gelşine düşünmek üçin bu eseriň döreýşiniň taryhyny ýatlamagy makul bildik.
1947-nji ýylda, Aýhan Hajyýewiň Moskwanyň W.I.Surikow adyndaky çeperçilik institutynyň 3-nji ýyllygynda bilim alýan wagty Aşgabatda Magtymgulynyň keşbini döretmek ugrunda bäsleşik yglan edilýär, oňa gatnaşmaga ýaş suratkeş hem çagyrylýar. Emma beýik türkmen şahyrynyň suratyny çekmek pikiri onda bäsleşikden kän wagt ozal döräpdi. Bäsleşigiň toparyna A.Hajyýew soňky çeken suratynyň eskiz görnüşini ugradýar, şol surata hem bäsleşigiň birinji baýragy gowşurylypdyr. Bu waka ýaş suratkeşiň göwnüni ganatlandyrýar, ol esasy portreti döretmäge girişýär.
Suratkeş kartinanyň üstünde işlän wagty Magtymgulynyň mekanyna aýlanyp görüpdir, onuň nebereleri bilen tanşypdyr, olaryň keşbinde beýik akyldaryň häsiýetli aýratynlyklaryny tapjak bolup, olaryň portretlerini çekipdir. Aýhan Hajyýew ülkäniň ýaşululary bilen gürrüňdeş bolupdyr, olar suratkeşe Magtymguly barada, ýerli ýaşaýjylaryň däp-dessurlary we gadymy durmuşy hakynda gürrüň beripdirler.
A.Hajyýew Magtymgulynyň döredijilik mirasyny we filosofik garaýyşlaryny düýpli öwrenmek üçin kän wagtyny sarp edipdir. Portretiň awtory üçin bu aýratyn möhümdi, sebäbi suratkeşiň öňünde wajyp wezipe durýardy — diňe döredijilik hyýalyna hem-de şahyryň dünýäsine onuň eserleriniň üsti bilen aralaşmak güýjüne daýanyp, millionlarça adamlaryň ynanaýjak we kabul edäýjek Magtymgulynyň portret keşbini döretmek wezipesi durýardy. Portretiň üstünde işlemegiň barşynda döredilen deslapky görnüşler çeperçilik jemgyýetçiliginiň garamagyna hödürlenilýärdi.
Ahyry Magtymgulynyň tamamlanan portreti ýörite topar tarapyndan kanoniki diýlip tassyklanylýar. Suratkeşler, edebiýatçylar, döredijilik intelligensiýasynyň beýleki wekilleri ýaş suratkeşiň kartinasyna ýokary baha berdiler. Tomaşaçylar ilkinji gezek beýik türkmen şahyrynyň çeper keşbini görýärler, ol döredijilik ylhamynyň, ruhy joşgunyň gelen wagty şekillendirildi.
Magtymguly pessejik Gündogar tagçasynyň başynda ýapyk gyzyl reňkli teke halysynyň üstünde oturan görnüşde şekillendirildi. Ol göýä bir pursat şygyrlardan ünsüni sowup, oý-pikirlere gark bolan ýaly bolup otyr. Emma alyslary nazarlaýan gözleriň yşgy, giň maňlaý — bular şahyryň içki duýgularyndan habar berýär. Suratkeş şahyryň kalbynda ajaýyp goşgy setirleriniň döreýän pursatlaryny şekillendirmegi başarypdyr, ol goşgular asyrlardan-asyrlara geçip, şu günlere gelip ýetdi. Suratyň gyzylymtyl-goňur reňkler bilen ýazylan öwüşgini keşbiň açylyp görkezilmegine ýardam edipdir.
Bäsleşikden soň portret Türkmen döwlet şekillendiriş sungaty muzeýine saklamak üçin gowşuryldy. 1948-nji ýylyň oktýabryndaky ýertitremede kartinalar galereýasynyň esasy zalyna uly bolmadyk zeper ýetýär. Şonda Magtymgulynyň portretiniň çarçuwasy döwülýär, emma surat abat galýar.
Aýhan Hajyýewiň eseri — Magtymgulynyň portreti ençeme suratkeşler üçin türkmen şekillendiriş sungatynda, şeýle hem teatrda we kinoda döredilen şahyryň grafiki şekilleri we heýkelleri üçin başlangyç nokadyna öwrüldi. Şu ýyl şanly seneleriň ikisini — beýik akyldar-şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny hem-de ajaýyp portretiň awtory Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygyny birleşdirdi.
Durmuşda we sungatda ýönekeý çaprazlyklar bolmaýar. Şahyr we onuň çeper keşbini döreden suratkeş beýik türkmen şahyrynyň garaşsyz türkmen döwleti baradaky arzuwynyň hasyl bolandygyny ýatlatmak üçin, ömürlik temalara ünsümizi çekmek üçin döwürler aýlanyp ýene duşuşdylar. Bu döwletde bu gün olaryň ezizlän türkmen halky asuda we bagtyýar durmuşda döwran sürýär.
Leýli AŞYROWA,
Ussatnews.com.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.