Makalalar

Halypa Jumageldi Çaryýew bagşynyň buýsanjy

https://ussatnews.com/storage/posts/665/original-1601acaa90d0f8.jpeg

Meşhurlyga eýe bolan, türkmen bagşy-sazandalarynyň arasynda ady häli-şindi ýagşylykda ýatlanylýan, türkmen bagşyçylyk sungatynda özboluşly yz goýan Türkmenistanyň halk bagşysy Gaýgysyz Çaryýewiň inisi, halypa bagşy Jumageldi Çaryýew hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne buýsanyp ýaşaýan sungat wekilleriniň biri. Ýurdumyzda onuň türkmen telewideniýesiniň hem-de radiosynyň ýaýlymlary arkaly halkymyza eşitdirilýän şirin, süýji labyzly aýdymlaryny diňlemedik az-az bolsa gerek.

Ussat bagşy bilen eden söhbetdeşligimizi USSAT NEWS gazetimiziň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.

– Jumageldi halypa, bagşyçylyk sungatyny saýlamagyňyzyň sebäbi, ilkinji halypalaryňyz barada gürrüň beräýseňiz!

– Aýdym-saz sungaty meniň ikinji kärim. Şoňa görä, sungat baradaky söhbetimize geçmänkäk, men öz asly kärim barada bir-iki agyz aýdaýyn. Men 1972-nji ýylda şol wagtky Türkmen politehniki institutynyň (häzirki Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty) nebit we gaz fakultetini üstünlikli tamamlap, dag inženeri we geolog hünärini ele aldym. Şol ýyl nebitgaz ulgamyndaky zähmet ýolum başlandy. Şu arzyly käre ykbalymy bagladym. Uzak ýyllaryň dowamynda gaz pudagyna degişli edara-kärhanalarda zähmet çekip, kärimi söýüp işledim. Köp ýyllaryň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň häzirki «Marygazçykaryş» müdirliginde uly geolog wezipesinde zähmet çekdim. Şol ýyllarda «mawy ýangyjyň» gorlarynyň möçberlerini kesgitlemek üçin köp gezek gözleg-barlag işlerine gatnaşdym.

Sungat barada aýtsam, kakama Çary bagşy diýerdiler. Ol 1929-njy ýyldan başlap, tä ömrüniň ahyryna çenli Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda bagşy bolup işläpdir. Öz kärdeşleri, Türkmenistanyň halk bagşysy, ussat sazanda Han Akyýew, Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Aman Annaýew, Anna Babajanow dagy bilen bilelikde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde zähmet adamlarynyň öňünde konsert berip, aýdym-saz sungatyny söýüjilere ruhy lezzet paýlapdyrlar.

Kakamyň çalýan sazlaryny ganman diňlärdim. Mekdepde okan ýyllarymda aýdym-saz mugallymymyz, sazanda Hoja Annagulyýew bize aýdym aýtmagy, saz çalmagy öwretdi. Bagşyçylyk sungatynda meniň ilkinji halypam, agam Gaýgysyz Çaryýew. Men agamyň kömegi bilen saz çalmagy, aýdym aýtmagy kem-kemden ele aldym.

– Talyplyk ýyllarymda Türkmenistanyň halk bagşysy Sahy Jepbarow, Türkmenistanyň halk artisti, ussat sazanda Çary Täçmämmedow halypa sazanda, meşhur gyjakçy Garýagdy Alyýew ýaly halypalar bilen örän ýakyn döredijilik gatnaşygynda boldum. Halypalar bilen dürli konsertlere gatnaşardyk. Meniň şol ýyllarda ýerine ýetiren «Balsaýat», «Ýar onda galdy», «Eglenme munda», «Söwdügim», «Näzli ýar», «Hatyja», «Hajygolak» we beýleki aýdan halk aýdymlarym sazandalar Türkmenistanyň halk artistleri Ata Ablyýewiň, Ýagmyr Nurgeldiýewiň, Akmyrat Çaryýewiň sazandarlyk etmeginde ýazylypdy.

– Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli sungatymyza, aýdym-saza goýulýan sarpa guwanyp ýaşamak siz üçin has-da ýakymly bolsa gerek?!

– Gahryman Arkadagymyz «Medeniýet halkyň kalbydyr!» diýmek bilen, halkymyzyň ruhy medeniýetine uly baha berýär. Hormatly Prezidentimiziň «Ile döwlet geler bolsa ...», «Türkmen medeniýeti» atly gymmatly kitaplarynda bagşyçylyk sungatynda gadymdan bäri dowam edip gelýän halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmeklige, ýaşap geçen meşhur bagşy-sazandalarymyzyň döredijilik ýollaryny, ussatlygyny giňişleýin, çuňňur öwrenmeklige aýratyn ähmiýet berilmelidigi nygtalýar.

– Halypa bagşy hökmünde ýaş bagşy-sazandalara berjek maslahatyňyzy hem okyjylara ýetiräýseňiz!

– Sungatda sowuk-salalyga ýol bermek bolmaz. Ýaşap geçen ussat bagşy-sazandalarymyzyň bize miras galdyran aýdymlaryny, sazlaryny ünsli we kän diňlemeli, sazynyň, sözüniň asyl nusgasyny saklamaly. Olary dürs ýerine ýetirmeli. Aýdym-saz bilen çykyş edilende talabalaýyk geýinmek, sahna medeniýetini pugta berjaý etmek hem ýaş ýerine ýetirijiler üçin iň möhüm şertlerdir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli sungatymyza, medeniýet, sungat işgärlerimize belent sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun!

– Beren täsirli gürrüňleriňiz üçin sag boluň!

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,

                  USSAT NEWS.        

Başga makalalar
167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.


16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

166a501481866d.jpeg
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.


166869e1423b02.jpeg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.