Habarlar

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

https://ussatnews.com/storage/posts/6656/original-165c1ea24df97e.jpeg

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, jins matasy hem-de jins önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 31 million 340 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, float aýnasyny, el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 12 million 938 müň manatdan gowrak boldy.

Başga habarlar
16a53e165189bc.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.


16a5252e31c7f6.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda alty aýyň jemlerine garaldy

11-nji iýulda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


16a4cddceadee6.jpeg
HNGU-nyň mugallymlary Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 10 mugallymy 28-nji iýundan 7-nji iýula çenli Hytaý Halk Respublikasynyň Siýan we Çende şäherlerinde ýerleşýän Siýan nebit uniwersitetinde hem-de Hebeý hünär-tehniki nebit uniwersitetinde hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler.

16a4ccce8c2257.jpeg
Gahryman Arkadagymyzyň EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasyna beren interwýusy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde, eýran tarapynyň haýyşy boýunça, EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasynyň (IRIB) žurnalisti Seýýed Mohsen Hoseýniniň sowallaryna jogap berdi.


16a49ff9d592e7.jpeg
Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

4-nji iýulda «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezinde guralan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal diňe bir daşky gurşawy goramagyň däl, eýsem ekologik medeniýeti ylmyň hem-de amaly tejribeleriň üsti bilen baýlaşdyrmagyň meýdançasyna öwrüldi.