Habarlar

“Türkmennenbit” we Dragon Oil nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

https://ussatnews.com/storage/posts/6659/original-165c28184609e3.jpeg

“Türkmennebit” döwlet konseriniň ýolbaşçylary bilen ýurdumyza iş sapary bilen gelen BAE-niň “Dragon Oil” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda geçirilen duşuşykda nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň uly tejribesini, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň başynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň ähmiýeti barada bellenildi. Türkmenistan we BAE iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda nusgalyk döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýärler. Gahryman Arkadagymyzyň bu ýurda amala aşyran sapary hem dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmekde möhüm ädim boldy.

Şol duşuşygyň ahyrynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň we “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, bu serişdeleri gözlemek, özleşdirmek we çykarmak bilen meşgullanýan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Şolaryň hatarynda işine öňdebaryjy tejribäni we ýokary tehnologiýalary, häzirki döwrüň ekologik talaplaryna laýyklykda, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary işjeň ornaşdyrýan, özüni jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen “Dragon Oil” kompaniýasy hem bar.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, pudagyň öňünde goýlan ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda nebitiň we gazyň çykarylyşynyň we gaýtadan işlenilişiniň möçberlerini, şeýle hem türkmen energiýa serişdeleriniň eksportyny artdyrmak bolup durýar.

Şeýle hem bellenilişi ýaly, baş edarasy Dubaý şäherinde ýerleşýän “Dragon Oil’ Türkmenistanda 2000-nji ýyldan bäri taýýar Önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşygyň esasynda iş alyp barýar. Onuň işiniň esasy ugry Hazar deňzinde “Çeleken” şertnamalaýyn çäginde uglewodorodlary çykarmak bolup durýar. Geçen ýyllarda kompaniýa känleriň, hususan-da, “Jeýtun” we “Jygalybeg” känlerinde gözleg we özleşdirmek işlerine düýpli serişdeleri sarp etdiler.

Geçen ýylyň dekabr aýynda Dragon Oil Aşgabatda öz täze ofisini açdy. Munuň özi uzakmöhletleýin, strategik hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Başga habarlar
16ae5c52651478.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.


16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.


16ae430966182c.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.

16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.


16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.