“Balkangidrogeologiýa” ekspedisiýasy günbatar sebitde agyz suwunyň ätiýaçlyklaryny artdyrýar
“Türkmenistanyň ilatly nokatlaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamasy” tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Balkangidrogeologiýa” ekspedisiýasynyň zähmet toparlary düýpli goşant goşýarlar.
Korporasiýasynyň ugurdaş kärhanalarynyň geologlary uglewodorod çig malyna baý gorlaryň gözlegini amala aşyrýarlar, ýerasty suwlaryň çeşmeleriniň, peýdaly gazylyp alynýan magdanlaryň, gurluşyk harytlary üçin çig mal serişdeleriniň barlag we derňew işlerini geçirýärler.
2024-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýerasty suwlaryň täze känleriniň netijeli gözleg işiniň möhüm ähmiýetini belledi.
Ekspedisiýanyň hünärmenler günbatar sebitiň çäklerinde jikme-jik gidrogeologiýa gözleg işlerini geçirýärler. 2023-nji ýylda kärhana 83 sany täze wertikal guýynyň buraw işlerini üstünlikli ýerine ýetirdiler. Geçirilen buraw işleriniň umumy çuňlugy 6 müň, 353 metre deň boldy. Bu görkeziji bellenilen meýilnamanyň 110 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar. Şol işlerden 5 müň 747 metr çuňlukdaky işler meýilnama boýunça, 606 metr bolsa potrat işleridir.
Ekspedisiýanyň hünärmenleri döwrebap tehnikalaryň kömegi bilen ýerasty suwlaryň gözleg we barlag işlerini, olaryň gorlaryny anyklamak, şeýle hem burawlanan dik guýularyň ulanylyşy boýunça işleri üstünlikli alyp barýarlar. Toparyň iş uguna şeýle hem Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň ýerasty suwlarynyň Jahanyr käniniň az duzly we arassa agyz suwunyň barlag işleri hem degişlidir.
Ekspedisiýanyň esasy iş ugry günbatar sebitiň ilatly nokatlarynyň agyz suwy bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga, oba hojalyk ekinleriniň suwarylmagyny gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Geçen ýylda Gyzylarbat etrabynyň “Jahanyr” ýerasty suw ýataklarynyň ätiýaçlyk gorlaryny bahalandyrmak boýunça geçirilen işleriň netijesinde ýerasty suwlaryň ätiýaçlyk gorlary her günde 3 müň 456 kub metr diýlip hasaplandy. Ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Peýdaly gazylyp alynýan magdanlaryň komiteti tarapyndan tassyklanyldy.
Şeýlelikde, bu kände ýerasty suwlaryň ätiýaçlyk gorlarynyň artyş derejesi günde 1 müň 226 kub metre deň boldy. Bu ýerasty suwlar ilatyň durmuş-hojalyk zerurlyklary üçin netijeli peýdalanylýar.
Kärhananyň işiniň häzirki depgini şu ýyl üçin kabul edilen meýilnamanyň hem üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine şaýatlyk edýär. Muňa ýanwar aýynda amala aşyrylan, umumy çuňlugy 420-ä derek 448 metr bolan maglumatlar hem şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.