Habarlar

Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabide hyzmatdaşlygyň, şol sanda gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

https://ussatnews.com/storage/posts/6688/original-165cc22f55aaed.jpeg

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň çäklerinde Abu-Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise Prezidenti, Premýer-ministriň orunbasary, Prezidentiň Diwanynyň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli we netijeli ösýändigini nygtap, taraplar syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça birnäçe möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň baştutanlarynyň arasynda ynamly gatnaşyklaryň ýokary derejesi nygtaldy. Döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde ýokary derejeli aragatnaşyklaryň hem möhüm ähmiýete eýedigi aýratyn bellenildi.

Şeýle-de şol gün R.Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazrui bilen duşuşygy geçirildi. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesine ünsi çekip, taraplar, hususan-da, tebigy gaz, elektrik energiýasy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, ulag we logistika hyzmatdaşlygy babatynda meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň we öň gol çekilen resminamalaryň ýakyn döwür içinde durmuşa geçirilmegi babatynda işjeň pikirler alşyldy.

Şol bir wagtyň özünde, taraplar söwda we ykdysady ugurda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini bellediler we mundan beýläk hem giňeltmäge bolan isleglerini beýan etdiler.

BAE-de türkmen wekiliýetiniň sapary dowam edýär.

Başga habarlar
16ae5c52651478.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.


16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.


16ae430966182c.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.

16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.


16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.