Türkmenistanyň Prezidenti «Leonardo S.p.A.» italýan holdinginiň ýolbaşçysyny kabul etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow “Leonardo S.p.A.” italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwony kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Duşuşygyň barşynda işewür Italiýanyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Şunda Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň we ýurduň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine uly ähmiýet berýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.
Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Ýewropada Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.
Özara düşünişmek we hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň Aşgabada şu gezekki saparynyň barşynda meýilleşdirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeli işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Italiýanyň kompaniýalarynyň arasynda söwda-ykdysady, energetika ulgamlarynda we beýleki pudaklarda, aýratyn-da, hususy bölekde ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň döwletara dialogy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Soňky ýyllarda köpugurly mümkinçiliklere eýe bolan hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy.
Şeýle hem duşuşygyň barşynda emeli hemra ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öz tarapyndan “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklanyldy.
Duşuşygyň dowamynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Italiýanyň ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýandygy munuň aýdyň beýanydyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.