Geçen hepdäniň birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, binýatlyk ýagy satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine aşgarlanmadyk mata, nah ýüplük, nah ýüplügiň galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 44 million 563 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny we polipropileni, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürt kislotasyny, float aýnasyny, el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 220 million 162 müň manatdan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Astana ugradylar: Maksat — ABŞ-daky dünýä finaly
Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylarynyň 10-sy Gazagystanyň Astana şäherine ugradylar. Olar 2026-njy ýylyň 10-13-nji fewraly aralygynda geçiriljek FTC (FIRST Tech Challenge) çempionatynyň sebitleýin tapgyryna toparlaýyn esasda gatnaşarlar.
Ýanwar aýynyň jemlerine garaldy
7-nji fewralda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň jemleri maslahatlaşyldy
6-njy fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Kitap - bilimiñ açary
Halkara senagatçylar we telekeçiler euniwersitetinde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly ajaýyp gymmatly eserleriniň ähmiýeti barada “Kitap – bilimiň açary” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Behişdi bedewleriñ waspy
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Behişdi bedewleriň döredijilikde we sungatda waspy” atly aýdym-sazly medeni çäresi geçirildi.