Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkuny täzelemek boýunça işler alnyp barylýar
Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkuny täzelemek boýunça işler alnyp barylýr. Taslama laýyklykda, atçylyk sport toplumynyň çäginde goşmaça täze athanalary, weterinar dermanhanany we at esbaplar dükanyny, açyk görnüşli awtoduralgany, suw howdanlaryny, tehniki binalary gurmak, dürli ölçegdäki monitorlary, döwrebap enjamlary gurnamak göz öňünde tutulýar.
Bulardan başga-da, ozaldan bar bolan athanalaryň, esasy girelgäniň, tomaşaçylar münberiniň, karantin binasynyň, sport meýdançasynyň, açyk manežiň durkuny täzelemek we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, atçylyk pudagyny ösdürmek, atlary ösdürip ýetişdirmek, olaryň baş sanyny artdyrmak üçin ähli zerur çäreler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.