Habarlar

Türkmen tebigy gazyny swap usuly arkaly Türkiýä eksport etmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

https://ussatnews.com/storage/posts/6794/original-165e5be0f2d549.jpeg

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren duşuşygynyň barşynda Türkiýä türkmen elektrik energiýasyny eksport etmek, dostlukly ýurda türkmen tebigy gazyny “swap” usuly arkaly ibermek bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Duşuşyk 1-nji martda Antalýada geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň okgunly ösdürilýändigini we onuň 2,5 milliard amerikan dollaryndan gowrakdygyny nygtady. Bar bolan kuwwatlyklar bu görkezijini 5 milliard amerikan dollaryna çenli ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Belläp geçsek, häzirki wagtda Türkmenistan swap usuly arkaly tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberýär. Bu usul arkaly “mawy ýangyjy” Yraga hem ibermek meýilleşdirilýär. Degişli resminamalara gol çekildi.

Başga habarlar
16ae5c52651478.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.


16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.


16ae430966182c.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.

16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.


16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.