Tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan aýdymçy Ahmet ATAJANOW
Ýurdumyzyň zehinli ýaş estrada aýdymçysy «Ýylyň parlak ýyldyzy – 2017» atly döredijilik bäsleşigiň baş baýraga mynasyp bolan Ahmet ATAJANOW joşgunly aýdymlary bilen tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan aýdymçy. Golaýda biz Ahmet bilen söhbetdeş bolup, onuň köňül buýsanjyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
– Ahmet, söhbedimizi sungat älemindäki başlangyç ädimleriňiz hakda berjek gürrüňleriňiz bilen başlaýsak!
– Men Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 3-nji synpynda okaýarkam aýdym-saz dünýäsine imrindim. Ilkinji halypam, mekdebimiziň aýdym-saz mugallymy Bäşim Ataýew bu sungata ugrukdyrdy. Şeýdibem men Daňatar Öwezow adyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebinde okuwymy dowam etdirdim. Soň bolsa Türkmen milli konserwatoriýasynyň wokal bölüminde aýdym-sazyň inçe syrlaryny öwrendim. Döredijilik dünýäsi gözel dünýä, oňa garylyp, köňlüňi bereňsoň, halkyň söýgüsini gazanyp, ajaýyp aýdymlaryň bilen hyzmat etmeli.
– Maşgala durmuşyňyz baradaky gürrüňleriňizi hem diňläýsek!
– Maşgalada dört dogan bolup ulaldyk. Gelnim bilen iki oglumyzy — Serdary hem-de Didary ilhalar adamlar edip ýetişdirmekde yhlas edýäris. Ynsan üçin maşgalasyndan, çagalaryndan gymmatly zat ýok.
– Ahmet, her bir aýdymçynyň öz ýoly, äheňi bolýar. Halypalardan gowy görüp diňleýän aýdymçylaryňyz kimler?
– Dogry bellediňiz. Her bir aýdymçynyň öz ýoly, halypalaryndan öwrenen tärleri bolýar. Mugallymlarym Mämmetmyrat Annamyradowyň, Şeker Amanowanyň gazanan üstünligimde hyzmatlary uly.
Halypa bagşylarymyzdan Sahy Jepbarowyň, Ödenyýaz Nobatowyň aýdymlaryny diňlänimde lezzet alýan. Özüm-ä hemişe halypalary diňläp, olardan näme-de bolsa bir zat öwrenmegi maksat edinýän.
– Üstünlige ýetmekde, ilkinji nobatda, özüňize nämäni zerur hasaplaýarsyňyz?
– Üstünlige ýetmek üçin, ilki bilen, irginsiz zähmet, yhlas, şeýle-de, saýlap alan käriňe bolan söýgi zerur. Aýdym-saz sungaty örän inçeligi talap edýär. Şonuň üçinem yhlas etmeli, şonda üstünlik hemişe hemraň bolýar.
– Ahmet, siz 2017 ýylda ýaş aýdymçylaryň zehinini ykrar edýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşiginde uly üstünlik gazanyňyz.
– howwo. «Ýylyň parlak ýyldyzy – 2017» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolmak bagty nesibämde bar eken. «Nurana» diýen aýdymym bilen bäsleşige gatnaşyp, talapkär eminleriň, teletomaşaçylaryň ynamyny ödemek miýesser etdi. Aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge, ýaş zehinleri goldamaga we höweslendirmäge aýratyn üns berýän mähriban Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýaryn.
– Geljekde öňde goýan maksatlaryň bardyr...
– Gün-günden gözelleşýän Watanymyza, bagtly durmuşymyza guwanyp, täze aýdymlary döretmegi maksat edinýän. Nesip bolsa, eziz Watanymyzda tutulýan toýlarda ajaýyp aýdymlarymyz bilen halkymyza hyzmat ederis. Goý, hemişe eziz Diýarymyzda aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlansyn! Gahryman Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli ähli tutumlary hemişe rowaç bolsun! Täze ýylyň her bir güni toý-baýramlara beslenip, nurana arzuwlar hasyl bolsun!
– Söhbetdeşligiňiz üçin köp sag boluň! Maksatlaryňyz myrat tapsyn!
Ýazgül ANNAÝEWA,
USSAT NEWS.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.