Habarlar

21-nji martynda “Nowruz ýaýlasynda” Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçiriler

https://ussatnews.com/storage/posts/6830/original-165eb0d1b2fbcc.jpeg

21-nji martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki “Nowruz ýaýlasynda” Ahal welaýaty hem-de Aşgabat şäheri boýunça Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçiriler.

Ýörite meýilnama laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, şeýle hem “Nowruznama” kitaby esasynda taýýarlanylan medeni-köpçülikleýin dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, bu ýerde özboluşly türkmen obasy döredilip, onda türkmen halkynyň milli däp-dessurlary giňden beýan ediler.

Şunuň bilen birlikde, amaly-haşam sungatynyň sergisini, döredijilik toparlarynyň konsertini, milli oýunlary, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary, Arkadag şäheri boýunça baýramçylyk dabaralaryny, degişlilikde, welaýat merkezlerindäki “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda, Arkadag şäherindäki baýramçylyk meýdançasynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Dabaralaryň ählisinde türkmen halkynyň medeni mirasynyň köpöwüşginliligi aýdyň beýanyny tapar.

Başga habarlar
16ae5c52651478.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.


16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.


16ae430966182c.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.

16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.


16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.