Makalalar

Eserleri — ruhy hazyna

https://ussatnews.com/storage/posts/6917/original-165f9d3ed4c5c0.jpeg

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Akyldaryň döwredijiligi halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär. Akyldar şahyryň döredijilik älemi türkmen halkynyň ynsanperwer dünýäsiniň, edebi mirasynyň, ýaşaýyş medeniýetiniň, ahlak ýörelgeleriniň milli nusgasydyr. Şu nukdaýnazardan şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi netijesinde, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň milli we halkara derejesinde giňden bellenilmegi örän buýsandyryjydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Täze ýylymyzyň adynyň akyldar şahyrymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagynda çuňňur many bar. Magtymguly Pyragynyň eserlerine ornan döwletliligiň, söz we paýhas berekediniň, ylham‑döredijiligi joşdurjak rysgal çeşmesiniň, tutuş barlyga, ýaşaýşa, ynsana mahsus gözellikleriň has kämil hem-de döwrebap röwüşde hasyl boljakdygynyň buşlugydyr. Türkmen ýaşlaryna döwletliligimiziň ýene bir sahypasyny belent üstünlikler bilen doldurmaga çagyryşdyr. Öňümizdäki bir ýylymyzy, soňra bütin ömrümizi Magtymguly bolup ýaşamaga çakylykdyr» diýip belleýär. Bu dürdäne sözler dogrudanam, Magtymguly Pyragynyň eserleriniň her bir ýürekden orun alýandygyny, söz-paýhas berekediniň täsirlidigini, ähmiýetlidigini, genji-hazynadygyny açyp görkezýär.

Beýik akyldar Magtymguly atamyzyň dürdäne şygryýeti ähli halklaryň, asyl-ha, tutuş adamzadyň egsilmez hazynasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda Magtymguly Pyragynyň şan-şöhraty bütin dünýäde barha artýar, yklymlara ýaýraýar. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny ýurt derejesinde baýram edip, giňden bellemek hakynda Karara gol çekmegi tutuş halkymyzy buýsandyrdy. Bu resminamada: «Biziň ýurdumyzda nusgawy şahyryň goşgularynyň we olara döredilen aýdymlaryň ýaňlanmaýan öýi ýokdur, şeýle hem olary bilmeýän özbek tapylmasa gerek. Geçen asyrlaryň dowamynda Magtymguly halkymyzyň öz şahyryna öwrüldi» diýen sözleriň bolmagy aýratyn buýsandyryjydyr.

Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär. Şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi bolsa il-halkymyzyň göwün guşyny ganatlandyrdy.

Magtymguly Pyragynyň nusgalyk ylmy-edebi mirasy köptaraplaýyn öwrenilýär we geljekki nesillere miras goýulýar. Beýik akyldaryň pähim-paýhasdan doly ömür ýoluny tutuş dünýä wagyz edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Gurban ANNAMÄMMEDOW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.