Baýramhan SAPAROWYŇ aýdymly dünýäsi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga uly üns berilýär. Ynsan kalbyna bir pursatlyk hem bolsa owadan duýgulary bagyşlap bilmek hem uly bagt. Şeýle owadan duýgulary paýlaýan ýaş aýdymçy, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Baýramhan SAPAROWDYR. Onuň bilen USSAT NEWS gazetimiziň okyjylary üçin ýörite söhbetdeşlik guradyk. Şol söhbetdeşligi okyjylarymyza hödürleýäris.
– Baýramhan, aýdym-saz sungatyna gelşiň barada aýdaýsaň!
– Çagalykdan aýdym aýtmagy gowy görerdim. Doganym Şöhrat bilen hemişe kakamyň yzyna düşüp, studiýasyna gatnap, aýdymlaryň aýdylyşyny öwrenerdik. Ata göreldesi mydama dogry hem dürs ýoly salgy berýär. Sungat äleminde kimseler ata-enesiniň kesbini dowam etdirýär, kimseler kalbyndaky ylhama, joşguna berlip, aýdymly dünýä gatylýar. Aýdym-sazyň içinde ösüp-ulalmak sungata bolan höwesimi oýaryp, kakamyň kesbini dowam etdirmegime ýol açdy. Öýde onuň gitarada saz çalyp, aýdym aýdyp beren wagtlary gulagymyz şirin aýdymlardan ganardy. Şeýdibem, bu sungatyň syrly dünýäsine imrinip gitdim. «Aşgabat», «Watanym», «Bägül» ýaly aýdymlarymyň aýdym-saz muşdaklarynyň kalbynyň töründe ýer etmeginde diňe meniň däl, eýsem kakamyň uly paýy bar. Mekdepde okaýan döwürlerim ýerine ýetirýän aýdymlaryma mugallymlarym hem guwanyp diňlärdiler. Şol wagtdan bäri diňleýjileriň kalbyna girip, olara azajyk bolsa-da, ruhy şatlyk paýlamaga howlugýaryn. Türkmen sährasynyň gözelligi gursagyňa täze-täze aýdymlary guýup, seni joşdurýar.
– Baýramhan, gowy görüp, diňleýän aýdymçylaryňyz kimler?
– Kakam, Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Saparowyň aýdymlaryny ürç edip diňleýän. Şeýle-de, sungat äleminiň ägirtleri, halypa bagşylarymyzdan Öwezgeldi Tekäýewiň, Sahy Jepbarowyň aýdymlaryny diňläp, olardan täsirlenýärin. Halypalaryň aýdymlaryny diňläniňde, öz kemçilikleriňi duýup bolýar. Halypalar şägirdini sungatyň hakyky mekdebine gönükdirip, diňe bir aýdym-sazy öwretmek bilen çäklenmän, halkyň içinde özüňi alyp barmagyň hem inçe tärlerini öwredýär.
– Geljekde öňüňizde goýan maksatlaryňyz barada aýdaýsaňyz...
– Nesip bolsa, geljekde halkymyzyň göwnüne ýaraýjak ajaýyp döwrümiz – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri baradaky aýdymlary döredip, aýdym-saz sungatynyň ösmegine öz goşandymy goşmak üçin jan-aýaman işlärin. Türkmen halkyna ajaýyp zamanany, döwletli döwrany bagyş eden hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun!
– Beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş aýdymçylarymyzyň owazy eziz Watanymyzyň toýly, döwletli-döwranly, derejeli günlerinde belentden-belent ýaňlansyn!
Ýazgül ANNAÝEWA,
USSAT NEWS.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.