Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda usuly-okuw maslahaty geçirildi
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda «Gözel tebigatymyzy ýangyn howpundan goralyň!» diýen at bilen usuly-okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň guran çäresine welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, Köýtendag etrabynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Tutumly usuly-okuw maslahatynyň şu ýerde geçirilmeginiň özüne ýetesi sebäpleri bar. Köýtendag ýurdumyzyň iň gözel ýerleriniň biri bolmak bilen, özünde janly-jandarlaryň, ösümlikleriň örän seýrek duş gelýän görnüşlerini jemleýär. Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary Merdan Jumaýewiň, şol bölümiň tebigat gözegçisi we wagyzçysy Rejepgül Huddyýewanyň, Lebap welaýatynyň polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň okuw nokadynyň mugallymy, içerki gullugyň uly leýtenanty Agajan Weliýewiň we beýlekileriň çykyşlarynda umumadamzat ähmiýetli meselelerde ýurdumyzyň dünýä nusgalyk görelde görkezýändigi, dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde, tebigatda deňagramlylygy saklamakda halkara ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýändigi buýsanç bilen bellenilip geçildi. Bu işlere tebigaty goramak jemgyýetiniň agzalary işjeň gatnaşýarlar. Tebigata aýawly çemeleşmek, ýangyn howpunyň öňüni almak bilen baglanyşykly geçirilýän öwüt-ündew çäreleri saýaly we miweli agaçlaryň, dürli gülleriň nahallaryny köpçülikleýin ösdürip ýetişdirmek, arassaçylyk işlerini geçirmek, ozaldan bar bolan baglara ideg etmek boýunça geçirilýän ýazky we güýzki çärelere işjeň gatnaşmak bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar.
Maslahatda ýurdumyzyň ilatly ýerlerini gazlaşdyrmak bilen baglanyşykly maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň tebigata oňyn täsirini ýetirýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Tebigy gaz Köýtendagyň çägindäki çetki obalaryň ilatyna hem elýeterli boldy. Şonuň netijesinde ýangyç hökmünde tokaý ösümliklerini peýdalanmak zerurlygy aradan aýryldy. Amatly ýangyçdan peýdalanylyp başlanmagy ilatdan degişli howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegi hem talap edýär. Degişli hünärmenler olar barada giňden durup geçdiler we «mawy ýangyjy» tygşytly peýdalanmagyň möhümdigini bellediler.
Täsirli çärä gatnaşyjylar Köýtendagyň gözel ýerleri bolan Daraýderede, Kyrkgyz gowagynda, dinozawrlaryň aýak yzlary ýerleşýän tekizlikde, arnap tokaýlyklarynda, Köýten obasynyň ýanyndaky kölde we beýleki ýerlerde bolup, tebigatyň gözelliginden lezzet aldylar hem-de gün tertibindäki meseleleri gyzyklanma bilen ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.