Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Bergeri kabul etdi. Ol beýik türkmen şahyry we akyldary, Gündogaryň nusgawy edebiýatynyň bütin dünýäde ykrar edilen görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çärelere gatnaşmak, şeýle hem medeniýet ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça birnäçe duşuşyklary geçirmek üçin Aşgabada geldi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ugruň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýandygyny belläp, Neda Bergeriň ýolbaşçylygynda geçirilýän medeni çärelere ýokary baha berdi. Olar özara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde aýratyn orny eýeleýär.
“Siz Türkmenistanyň öňden gelýän hakyky dosty bolup durýarsyňyz. Siz köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyklara işjeň gatnaşýarsyňyz, döwletara gatnaşyklary ösdürmäge öz mynasyp goşandyňyzy goşýarsyňyz” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-awstriýa jemgyýeti bilen ýakyn hyzmatdaşlykda guralýan medeni çäreleriň möhümdigi aýratyn bellenildi. Şolaryň hatarynda, ilkinji nobatda, 15 ýyl mundan ozal Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertleri, Wena ballary, beýleki medeni-ynsanperwer çäreler bar.
Neda Bergeriň 2025-nji ýylda Aşgabatda Awstriýa öýüni döretmek baradaky başlangyjy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Awstriýanyň Bitaraplygynyň 70 ýyllygy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem şu ýylda Türkmenistanda VI Wena balyny geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Myhman pursatdan peýdalanyp, ýubileý ýaş toýuna berlen gymmatly sowgat — Gahryman Arkadagymyzyň giriş sözi bilen başlanýan we dört dilde — türkmen, rus, nemes, iňlis dillerinde çap edilen öz goşgular kitaby üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de hormatly Prezidentimizi, Türkmenistanyň Hökümetini we halkyny beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralar bilen gutlady. Şahyryň goşgulary adamlary dostluga, parahatçylyga çagyryp, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasyny düzýän ýörelgeler bilen sazlaşykly utgaşýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Bergere ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen ýadawsyz zähmeti üçin minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen sanly infrastrukturasyny ösdürýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly Moodle platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary girizildi.
Berkarar döwletiň talyplarynyň köňül kelamy
Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna täze ylym-bilim ojaklary gurlup ulanylmaga berilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem täze ýokary okuw mekdepleri, umumybilim berýän orta okuw mekdepleri ulanylmaga berildi. Munuň özi bu ugurda alnyp barylýan işleriň depgininiň barha ilerleýändigini görkezýär. Şu ýyl hem arzuwlary myrat tapyp, ýokary okuwa giren ýaşlar örän köpdür. Olaryň arasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine täze okuw ýylynda talyplyga kabul edilen ýaşlar hem az däl.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.