Habarlar

Energetika ministrligi, “Türkmengaz” we GIZ özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

https://ussatnews.com/storage/posts/7497/original-16644d39269da2.jpeg

14-nji maýda Türkmenistan bilen Ýewropa bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna başgyşlanyp geçirilen maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişlik dabarasy geçirildi diýip, ORIENT habar berýär.

Forum Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti we ýurduň Daşary işler ministrligi tarapyndan gurnaldy.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow we Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala özara gatnaşyklaryň netijeleri we geljegi barada çykyş etdiler.

Ähtnama gol çekişmek dabarasynda, Türkmenistan Hyzmatdaşlyk Gaznasynyň we “Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygyny we integrasiýasyny ýokarlandyrmak” hem-de ÝB-niň Türkmenistanyň “ýaşyl” ösüşine goldawy bolan “Syýasy dialog we 2024 — 2027-nji ýyllarda howanyň üýtgemegine garşy hereketler” atly GIZ tarapyndan durmuşa geçirilýän taslamalar bilen tanyşdyryldy.

Maslahata Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň wekilleri, halkara bilermenleri, sebit taslamalarynyň ýolbaşçylary we ş.m. gatnaşdylar.

Başga habarlar
16a77258e21135.jpeg
Parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekde okuw sapaklary

Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň daş-töweregi goramak bölüminiň gurnamagynda institutyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmek üçin ösen tehnologiýalara degişli ugurlar boýunça monitoring etmek we olaryň üstünde takyklyga baha bermek, maglumatlary werifikasiýa etmek we başga-da degişli ugurlarda iş alyp barmaklygyň halkara usullaryna degişli wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary geçirildi.


16a771ee24abdb.jpeg
Gazçylar Garaşsyzlygymyzyň toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar

Ýurdumyzda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek, tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine netijeli peýdalanmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar.


16a7701746d5eb.jpeg
Türkmen nakgaşynyň eserleri Azerbaýjandaky halkara festiwalynda uly abraýa eýe boldy

29-njy iýul — 3-nji awgust aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Gabala şäherinde geçirilen «GabalaFest» festiwalynyň çäklerinde «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi guraldy. Dünýäniň 30-dan gowrak döwletiniň sungat ussatlaryny bir ýere jemlän bu taslama suratkeşlik, heýkeltaraşlyk we fotosurat arkaly dürli medeniýetleriň hem-de nesilleriň arasynda çeper dialogy ösdürmäge gönükdirildi.

16a76149dadc59.jpeg
Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi

7-nji awgustda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu ajaýyp künjekde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy.


16a759bf1cc2f6.jpeg
Döwrebap işler bitirilýär

Ýurdumyzyň günbatar sebitindäki hazynaly ýataklardan uglewodorod çig mallaryny gözläp tapmagy «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleriniň irginsiz we netijeli zähmetinden aýrybaşga göz öňüne getirmek kyndyr.