Nebitgaz toplumynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda nebitgaz toplumynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň düzümleriniň işgärleri gatnaşdy.
Belläp geçsek, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) tarapyndan yglan edilen Temmäkä garşy bütindünýä göreş güni her ýylyň 31-nji maýynda giňden bellenip geçilýär. Bu tutuş adamzat durmuşynyň we saglygynyň bähbidine gönükdirilen halkara çäresine ata Watanymyz Türkmenistan hemmetaraplaýyn işjeň gatnaşýar. Türkmenistanda 2012-nji ýylyň ýanwar aýynda temmäkä garşy göreşmek boýunça pudagara utgaşdyryjy komitet döredildi. Şeýle hem temmäkä garşy göreşmek boýunça «Ynam» merkezleriniň hereket edýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu merkezlerde temmäki önümleriniň zyýany we olardan daşda durmagyň ýollary barada düşündirişlerdir maslahatlar berilýär. Merkeze birikmek üçin 118 belgä jaň etmek arkaly, adyňy mälim etmezden hünärmenden maslahat alyp bolýar.
Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň gadymdan gelýän maşgala däp-dessurlaryny mynasyp dowam etdirmek, ýaş nesliň ýaramaz endikleri ýazgarýan, ruhy we beden taýdan sagdyn, ýokary ahlakly şahsyýetler bolup ýetişmegini gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli ösdürmek we wagyz etmek ugrunda buýsandyryjy işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde häzirki wagtda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketlerine işjeň gatnaşýan, milli bilim-ylym, medeniýet we sungat ugurlarynda öz mynasyp orunlaryny eýeleýän, sagdyn düşünjeli, beýik maksatly ýaşlar kemala geldi. Türkmen jemgyýeti sagdynlygyň, ruhubelentligiň we ýaramaz endikleriň, temmäki önümleriniň berk ýazgarylýan jemgyýetine öwrüldi.
Bular dogrusynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň jogapkär işgäri, polisiýanyň podpolkownigi Nepesgylyç Halymow, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň jogapkär işgäri Akjagül Ataýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Gülnara Akjigitowa, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça tehniki gözegçisi Geldimyrat Seýtiýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçysy Atajan Atajanow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geñeşiniň jogapkär işgäri Didar Geldiýew dagy öz çykyşlarynda giňişleýin belledi.
Ýurdumyzda Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis
23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi iri sebit taslamalarynyň barşy barada aýtdy
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Lahoryň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Ambassadors' Dinner 2026» atly däp bolan diplomatik agşamlyk naharyna baş myhman hökmünde gatnaşdy.
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen sanly infrastrukturasyny ösdürýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly Moodle platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary girizildi.