Türkmenistanyň ilçisi Brýusselde Hazarüsti geçelgesi boýunça duşuşyga gatnaşdy
Brýusselde ÝB-niň Global Gateway başlangyjynyň mümkinçilikleri we Hazarüsti ulag geçelgesini ulanmak mowzugy boýunça “tegelek stol” formatynda duşuşyk geçirildi.
Çärä Ýewropa komissiýasynyň, şol sanda ÝB-niň ulag meseleleri boýunça baş direktorlygy, Daşary aragatnaşyklar boýunça Ýewropa gullugy we ÝB-niň beýleki institutlary gatnaşdy. Şeýle hem Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Rumyniýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň diplomatik gulluklarynyň ýolbaşçylary, ulag we logistika ulgamynda gözleg-barlag kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Duşuşyga gatnaşyjylar Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ulag aragatnaşygyny ösdürmek üçin Orta geçelgäniň ähmiýetini we ÝB-niň Global Gateway başlangyjyny maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, bu geçelge, sebitde durnuklylyga we söwdanyň ösmegine ýardam eder. Bu aýratyn hem beýleki ugurlaryň durnuksyzlygy şertlerinde has hem möhümdir diýip, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy belleýär.
Hazarüsti geçelgesi diňe bir Hytaý bilen Ýewropanyň arasynda yklymara geçelge hökmünde garalman, eýsem, sebit söwdasyny goldamagyň serişdesi we ÝB, Türkiýe, Kawkaz we Merkezi Aziýa arasynda ibermeleri ýola goýmagyň serişdesi hökmünde hem garalýar.
Duşuşyga gatnaşyjylar Ýewropa komissiýasynyň we Ýewropa parlamentiniň täze düzüminiň durnukly hazarüsti geçelgesiniň işlenip düzülmeginde we ösdürilmeginde möhüm rol oýnajakdygyny bellediler. Wodoroda, Gün we ýel energiýasyna täze maýa goýumlar söwdany ösmegine we ibermeleriň zynjyrynyň giňemegine ýardam eder. Merkezi Aziýada ulag taslamalary boýunça utgaşdyryjy guralyň döredilmegi ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işewür toparlarynyň arasynda özara gatnaşyklary gowulandyrar.
Türkmenistanyň ilçisi Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda gatnaşyklary berkitmek üçin hazarüsti ulag geçelgesiniň ösdürmäge ýurdumyzyň ygrarlylygyny tassyklady. Ol geografiki taýdan ýerleşişi we ulag infrastrukturasyna düýpli maýa goýumlary babatda bu prosesde Türkmenistanyň strategiki ähmiýetini we wezipesini belledi.
Bellenilişi ýaly, 2015-nji ýyldan bäri Türkmenistan awtoýollaryň, demir ýollaryň, howa menzilleriniň we deňiz portunyň gurluşygyna 15 milliard dollardan gowrak maýa goýum goýdy. 2018-nji ýylda Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty işläp başlady. Onuň gurluşygyna 1,5 milliard dollar goýuldy. Ol häzirki zaman terminallarynyň kömegi bilen 25 million tonnadan gowrak dürli ýükleri gaýtadan işläp bilýär.
Türkmenistan maýa goýumlaryny çekmek we portlary dolandyrmakda öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak üçin ýewropaly hyzmatdaşlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. 5 müň kilometrden gowrak demir ýollary döwrebaplaşdyryldy. Munuň özi ýurduň içinde bolşy ýaly, sebitleriň arasynda ulag gatnaşyklaryny üpjün edýär.
Ýakynda Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň uzynlygy 600 km bolan ikinji nobatdakysy ulanyşa girizildi. Bu bolsa ýükleriň daşalyşyny düýpli tizleşdirer we sebitara ulag gatnaşyklaryny gowulandyrar.
Ilçi şeýle hem Türkmenistanyň ulag geçelgelerini ösdürmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna we forumlara işjeň gatnaşýandygyny belledi.
Brýusselde maýadarlaryň forumynda Türkmenistan öz taslamalaryny hödürledi we halkara maýadarlarynyň we logistika kompaniýalarynyň ünsüni çekdi. Türkmenistan ulag geçelgelerini mundan beýläk hem ösdürmegi, şol sanda täze demir ýollaryny we awtomagistrallary gurmagy, şeýle hem Global Gateway başlangyjyna işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär.
Yslamabatda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi
16-njy noýabrda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.