Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi başlandy
Şu gün paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi başlandy.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada GDA-a agza ýurtlarynyň wekiliýetleri geldiler.
Bitarap Türkmenistan GDA-nyň assosiirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişliginde deňhukukly netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýär, bu bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde, abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň ugry boýunça giň netijeli hyzmatdaşlyk bu strategiýanyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär.
Türkmenistan GDA-a agza döwletler bilen gatnaşyklary we umuman, Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryň berk binýadynda ýola goýup, GDA-nyň formatyndaky möhüm duşuşyklara we forumlara yzygiderli gatnaşýar, şeýle hem olaryň geçirilýän ýeri bolup durýar. Ýurdumyz döwletara hyzmatdaşlygy meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, bu ugurda yzygiderli ädimleri ädýär we anyk başlangyçlary öňe sürýär.
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen sanly infrastrukturasyny ösdürýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly Moodle platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary girizildi.
Berkarar döwletiň talyplarynyň köňül kelamy
Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna täze ylym-bilim ojaklary gurlup ulanylmaga berilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem täze ýokary okuw mekdepleri, umumybilim berýän orta okuw mekdepleri ulanylmaga berildi. Munuň özi bu ugurda alnyp barylýan işleriň depgininiň barha ilerleýändigini görkezýär. Şu ýyl hem arzuwlary myrat tapyp, ýokary okuwa giren ýaşlar örän köpdür. Olaryň arasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine täze okuw ýylynda talyplyga kabul edilen ýaşlar hem az däl.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.