Habarlar

GDA döwletleri ýangyç-energetika toplumyny 2035-nji ýyla çenli ösdürmegiň strategiýasyny işläp düzmäge taýýarlanýarlar

https://ussatnews.com/storage/posts/7753/original-16663517b0f246.jpeg

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletler ýangyç-energetika toplumyny 2035-nji ýyla çenli ösdürmegiň strategiýasyny işläp düzmegi meýilleşdirýärler. Bu barada BELTA agentligi Belarus döwletiniň energetika ministrligine salgylanyp habar berýär.

Arkalaşygyň çäklerinde energetika pudagynda özara gatnaşyklar meselesi Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen GDA-nyň Elektroenergetika geňeşiniň 64-nji mejlisiniň çäklerinde maslahatlaşyldy.

Energetika ulgamynda 2035-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk konsepsiýasy 24-nji maýda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde tassyklanyldy.

Belarusyň energetika ministri Wiktor Karankewiçiň sözlerine görä, şeýle hem sebit energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk konsepsiýasyny işläp düzmek meýilleşdirilýär.

Arkalaşygyň Elektroenergetika geňeşiniň 64-nji mejlisine gatnaşyjylar energetika pudagynyň ösüşiniň häzirki zaman ýörelgelerini we GDA-nyň çäklerinde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini seljerdiler, atom energetikasyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini we howa borçnamalaryny durmuşa geçirmekde onuň ornuny maslahatlaşdylar.

Taraplar zerur bolan elektroenergetika tor infrastrukturasyny döretmäge taýýarlygyny beýan etdiler.

Başga habarlar
16ae9b3c005644.jpeg
Türkmenistan Gazagystandan 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn alar

Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserni Gazagystanyň öňdebaryjy «KSP Steel» kompaniýasy bilen 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn almak boýunça ylalaşyk gazandy. Bu barada Gazagystanyň «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkeziniň resmi saýtynda habar berilýär.


16ae5c52651478.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.


16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.

16ae430966182c.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.


16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.