Habarlar

«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Kükürtli liniýa önümçilik böleginiň hünärmenleriniň üstünlikleri

https://ussatnews.com/storage/posts/7881/original-1667720e6a2ad1.jpeg

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Kükürtli liniýa önümçilik böleginiň hünärmenleri birleşen tagallalary arkaly üstümizdäki ýylyň tamamlanan döwri üstünliklere beslendi. Zähmetde taplanan ussat gazçylaryň yhlasly işlemekleri arkaly tebigy gazyň öndürilişi yzygiderli artdyrylýar. Olar tarapyndan şu ýylyň geçen döwründe gazylyp alnan harytlyk önüm 3,5 milliard kub metre golaý boldy. Munuň özi bäş aýyň meýilnamasynyň artygy bilen berjaý edilendiginden habar berýär.

Öňdebaryjy bölekde dürli kesp-kärli hünärmenleriň 450-den gowragy agzybirlik bilen zähmet çekýär. Olaryň ýokary öndürijilikli işlemekleri üçin müdirligiň ýolbaşçylygy tarapyndan amatly şertler döredilýär. Şonda zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk meseleleri aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Umumy üstünlige saldamly goşant goşup, kärdeşlerine gowy görelde görkezýänleriň hatarynda Malaý gaz käniniň tehnology Öwezmyrat Durdyýew, Bagaja gaz käniniň esasy geology Arazmämmet Annamyradow, Kükürtli sehiniň gaz çykaryjy operatory Haýytmyrat Nyýazow dagynyň atlary ilkinjileriň hatarynda agzalýar.

Başga habarlar
16ab542320b5a9.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis

23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.


16ab53cb6bd58a.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.


16ab53625587cb.jpeg
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi iri sebit taslamalarynyň barşy barada aýtdy

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Lahoryň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Ambassadors' Dinner 2026» atly däp bolan diplomatik agşamlyk naharyna baş myhman hökmünde gatnaşdy.

16aa91fc63abdc.png
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.


16aa8e8df3d76e.png
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen sanly infrastrukturasyny ösdürýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly Moodle platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary girizildi.