Habarlar

Bagtyýar zenanlarymyzyň akyldar şahyra bagyşlanan bäsleşigi

https://ussatnews.com/storage/posts/7961/original-1668117cb47b34.jpeg

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde «Arkadag hem Arkadagly Serdar bilen bagtyýar siz, Pyragynyň wasp eýläni, zenanlarmyz — bagta ýar siz!» atly şygar bilen geçirilen bäsleşigiň jemi jemlenildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň ilkinji zenanlar guramasynyň «Nebit-gaz» gazeti bilen bilelikde Gündogaryň beýik, akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli guran dabaraly baýramçylyk çäresine toplumyň önümçilikleriniň öňdebaryjy işgärleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň talyplary we beýleki daşdan-ýakyndan gelen myhmanlar gatnaşdy.

Dabara Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň, «Galkynyş» çagalar tans toparynyň çykyşy bilen başlandy. Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýewiň Pyragynyň şekilini janlandyryp, akyldaryň goşgularyndan çeper okamagy hem tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Soňra «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýew, «Türkmengaz» döwlet konserniniň baş hünärmeni, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Mähri Mämmedowa, Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geofizika bölüminiň başlygy Hatyja Çopanowa çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň türkmen halkynyň durmuşynda tutýan möhüm orny, onuň eserleriniň dünýä medeniýetiniň hazynasy hökmünde ykrar edilenligi, daşary ýurtlarda şahyryň sarpasynyň belent tutulyşy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy netijesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda filosof şahyr Magtymgulynyň mertebesiniň has belende göterilişi, onuň adyny ebedileşdirmek bilen bagly alnyp barylýan işler, «Nebit-gaz» gazetinde şahyryň döredijiligi barada materiallaryň, habarlaryň, goşgularyň yzygider çap edilişi barada durup geçdiler.

Bäsleşikde 1-nji ýere «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buhgalteri, Türkmenbaşy şäher Halk maslahatynyň agzasy Şemşat Nefesowa, ikinji orunlara «Nebit-gaz» gazetiniň habarçysy Akgül Saparowa, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Geologiki maglumatlar merkeziniň inženeri Ogulsuraý Garaýewa, 3-nji orunlara «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýörite işler boýunça esasy hünärmeni Gülşat Myratmuhammedowa, «Marygazçykaryş» müdirliginiň esasy ykdysatçysy Maýsa Hallyýewa, «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Aşgabatgaz» müdirliginiň hünärmeni Baýramgül Setdarowa dagy mynasyp boldy. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar we ter gül desseleri gowşuryldy.

Ýeňijileri sylaglamaklyk tamamlanandan soň, Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçylarynyň, bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde döwrebap we halk aýdymlary belentden ýaňlandy.

Başga habarlar
1693445efa8528.jpeg
Nebitgaz toplumynda on bir aýyň jemlerine garaldy

6-njy dekabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


1693328d3dab70.jpeg
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11-13-nji dekabr iş güni däl diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 2025-nji ýylyň 11-13-nji dekabryny iş güni däl diýlip yglan edildi. Bu resminama 6-njy dekabrda metbugatda çap edildi.


16933dd8b8969f.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň 11 aýynyň netijeleri jemlenildi

5-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi diýip, TDH habar berýär.

16933c5402acb6.jpeg
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde aýdym-sazly agşam geçirildi

Batly ösüşler, ýeňişli menziller we toý-baýramlar bilen bezlenýän eziz ýurdumyzda, Bitaraplyk baýramynyň 30 ýyllygynyň bellenişi uly şöhrat we şatlyk bilen geçýär.


1692a9dc8f1ec5.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti nebitiň çykarylyşyny artdyrmak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy

28-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.