Merkezi Aziýadaky iň iri nebitgaz sergisi öňdebaryjy hünärmenleri birleşdirer
Şu ýylyň 26-28-nji awgustynda Kazan şäherinde Merkezi Aziýada nebitgazhimiýa senagatynyň iň uly sergisi geçiriler we ol Russiýanyň we sebitiň ýurtlarynyň öňdebaryjy hünärmenlerini birleşdirer. Sergä gatnaşyjylaryň arasynda nebit korporasiýalary we paýdarlar jemgyýetleri, gaz we nebit enjamlaryny öndürijiler we üpjün edijiler, nebit-gaz önümçiligi bilen meşgullanýan kärhanalar, geologiki gözleg kompaniýalary bar.
Sergide nebit-gaz gözleg we önümçilik, himiýa tehnologiýalary, nebiti, nebit önümlerini we gazy daşamak, saklamak we gaýtadan işlemek, nebithimiýa, gaz himiýasy, nebit we gaz senagatynyň desgalarynyň gurluşygy, nebit we gaz senagaty üçin enjamlar, LNG: enjamlar, paýlamak we ulanmak, maýa goýumlary, nebit we gaz senagatynda IT tehnologiýalary, nebit, nebit önümlerini we suwuklandyrylan gaz daşamak üçin ýörite ulaglar, nebit, gaz we nebit önümleriniň satuwy, logistika we ýük daşamak, daşky gurşaw, senagat we ýangyn howpsuzlygy, zähmet goragy, gaz ballon, gaz doldurýan enjamlar we başga-da birnäçe ugurlar boýunça iň täze tehnologiýalar we ösüşler bilen tanyşdyrylar.
Sergi işewür gatnaşyklar gurmak, täze hyzmatdaş tapmak, tejribe alyşmak we nebitgazhimiýa pudagynda ýetilen soňky üstünlikleri görkezmek üçin ajaýyp meýdança bolar. Bu uly göwrümli çärä gatnaşmak mümkinçiligini elden gidirmäň!
Has giňişleýin maglumatlar üçin serginiň saýty: https://www.neftegaz-expo.ru/en/
Parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekde okuw sapaklary
Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň daş-töweregi goramak bölüminiň gurnamagynda institutyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmek üçin ösen tehnologiýalara degişli ugurlar boýunça monitoring etmek we olaryň üstünde takyklyga baha bermek, maglumatlary werifikasiýa etmek we başga-da degişli ugurlarda iş alyp barmaklygyň halkara usullaryna degişli wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary geçirildi.
Gazçylar Garaşsyzlygymyzyň toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar
Ýurdumyzda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek, tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine netijeli peýdalanmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar.
Türkmen nakgaşynyň eserleri Azerbaýjandaky halkara festiwalynda uly abraýa eýe boldy
29-njy iýul — 3-nji awgust aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Gabala şäherinde geçirilen «GabalaFest» festiwalynyň çäklerinde «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi guraldy. Dünýäniň 30-dan gowrak döwletiniň sungat ussatlaryny bir ýere jemlän bu taslama suratkeşlik, heýkeltaraşlyk we fotosurat arkaly dürli medeniýetleriň hem-de nesilleriň arasynda çeper dialogy ösdürmäge gönükdirildi.
Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi
7-nji awgustda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu ajaýyp künjekde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy.
Döwrebap işler bitirilýär
Ýurdumyzyň günbatar sebitindäki hazynaly ýataklardan uglewodorod çig mallaryny gözläp tapmagy «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleriniň irginsiz we netijeli zähmetinden aýrybaşga göz öňüne getirmek kyndyr.