Makalalar

Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

https://ussatnews.com/storage/posts/8248/original-166a501481866d.jpeg

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär. Hünärmenleriň hatarynda şu oçerkiň gahrymany Aýjemal Ezizowa hem bolup, ol 30 ýyla golaý zähmet ýoluny Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna bagyşlady.

Orta mekdebi tamamlandan soň, geljekki hünäri seçip almak Aýjemal üçin kyn düşmedi, çünki kakasy Baýmyrat Gurdow onuň üçin görelde bolup, halypa hünärmen tutuş zähmet ýoluny Döwletabat gazkondensatly käniniň işlenip taýýarlanmagyna bagyşlady.

Aýjemal Türkmen politehniki institutyny tamamlandan soň, zähmet ýoluna geofizik hökmünde gadam basdy. Ol «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda 2003-nji ýylda işe başlady. Aýjemal eýe bolan ukyp-başarnygy bilen zähmet ýolunda batly gadamlar bilen tiz öňe gitmegi başardy. Ol 12 ýylyň içinde birinji derejeli geofizik, esasy geofizik bolup işledi, soňra gorlary hasaplaýjy toparyň ýolbaşçysy, şondan soň bolsa, esasy ylmy işgär bolup zähmet çekdi.

A.Ezizowanyň ukyp-başarnygy göze ilenden soň, oňa 2020-nji ýylda Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geologiýa bölüminiň gaz känleriniň geologik mowzuk barlag we taslamalaşdyryş barlaghanasynyň ýolbaşçysy ýaly jogapkärli wezipäni ynandylar.

Aýjemal Ezizowa Merkezi we Gündogar Türkmenistanyň geologik gurluşyny we nebitgazly ýerlerini öwrenmek bilen meşgullanýan hünärmenleriň toparyna ýolbaşçylyk etmek bilen, öz işine wepaly, belentliklere ýetmek üçin maksada okgunly bolmakda kärdeşlerine, aýratyn-da ýaşlara görelde mekdebi bolup durýar.

Ol göreldeli zähmet ýolunyň dowamynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ösmegine mynasyp goşandyny goşdy. Aýjemalyň ýolbaşçylyk edýän barlaghanasynyň işgärleri Merkezi Türkmenistanyň geologik gurluşyny we nebitgazly ýerlerini öwrenmegiň esasynda ylmy-amaly hödürnamalaryň uly möçberini işläp taýýarladylar.

Berlen teklipler belli bir zolaklarda seýsmiki-gözleg işlerini geçirmek, gözleg-barlag meýdançalarynda ölçeg, gözleg, barlag we baha beriş guýularyny burawlamak bilen baglydyr. Olar köp sany guýularyň kesiminiň geljegi uly aralyklaryndan kern almak we synag işlerini geçirmek üçin taýýarlanyldy. Hödürnamalaryň hemmesi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geofiziki we burawlaýyş edaralarynda işe ornaşdyryldy hem-de möhüm netijeleri almaga ýardam etdi.

Mysal üçin, Mydar nebitgazly käniniň günbatar gümmezinde 20-nji gözleg guýusynyň synag işleri netijesinde goteriw çökündilerinden çykymy bir gije-gündizde 90 m3 deň bolan nebit akymy alyndy. Bu aralyk başga guýularda öň synag edilmändigi üçin täze nebit ýatagynyň açylandygy belli boldy, ol nebit gorlarynyň artmagyna ýardam etdi.

Soňra ýene şol kände 23-nji gözleg guýusynyň gazuw hem-de synag işleriniň geçirilmegi netijesinde aşaky barrem çökündilerinden çykymy bir gije-gündizde 64 m3 deň bolan nebit akymy alyndy. Ozal bu käniň merkezi gümmezinde bu çökündilerde gaz ýatagy ýüze çykaryldy, şonuň üçin onuň günbatar gümmezinde nebit akymynyň alynmagy nebitiň gorlaryny artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, nobatdaky nebit ýatagynyň açylandygyny ynamly aýtmaga mümkinçilik berdi.

Bulardan başga-da, Merkezi Garagum gümmeziniň günortasyndaky känlerde ozal ýüze çykarylan uglewodorod ýataklaryny tassyklamak maksady bilen, barlaghananyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylan teklipnamalaryň esasynda birnäçe baha beriş guýulary burawlandy, olar bolsa täze ýataklary ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi.

Tamdyrly gazkondensatly käninde gazylan baha beriş guýusynda synag işleri geçirilende aşaky barrem we ortaky apt gorizontlarynda öň bar bolan gazkondensatly we gaz ýataklary tassyklanyldy. Şeýle hem şol gorizontda täze gazkondensatly ýataklar ýüze çykaryldy. Olardan çykymy bir gije-gündizde 441,3 müň m3 deň bolan gazyň, 29,1 m3 deň bolan kondensatyň hem-de 2,6 m3 deň bolan gatlak suwunyň, çykymy bir gije-gündizde 221,4 müň m3 deň bolan tebigy gazyň hem-de 0,41 m3 deň bolan kondensatyň akymlary alyndy.

Atabaý gaz käninde ýokarky we orta apt gorizontlarynda ýataklaryň bardygy tassyklanyldy. Şonuň bilen birlikde, ýokarky apt gorizontynda täze gaz ýataklary ýüze çykaryldy. Şol gatlaklardan çykymlary degişlilikde bir gije-gündizde 159,1 müň m3 hem-de 319 müň m3 barabar bolan tebigy gazyň akymlary alyndy. Ýüze çykarylan ýataklaryň gorlaryna barlaghananyň hünärmenleri tarapyndan baha berildi hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň balansyna kabul edildi.

Miosen çökündileriniň buraw işleri bilen öwrenilişini tapgyrlaýyn derňew etmek üçin 2020 — 2023-nji ýyllarda barlaghananyň synag geçirýän ýerleri Günorta — Günbatar Türkmenistana geçirildi. «Türkmengeologiýa» DK-nyň burawlaýyş edaralarynyň gözleg guýularynyň üsti bilen açylan sarmat we torton çökündileriniň geologik kesimleri jikme-jik bölündi, kollektor gatlaklary öwrenildi. Kern nusgalarynyň maglumatlary hem-de synag işleriniň netijeleri bilen bilelikde miosen gatlaklarynyň geljegi bardygynyň derejesi kesgitlendi. Gögerendag — Ekerem belentlikler zolagynda miosen çökündileriniň nebitgazlylygy babatda geljegi uly bolan gözleg obýektlerine gözleg-barlag buraw işleri bilen çykmak üçin olaryň arasynda amatlylaryny saýlamaga mümkinçilik berýän bölünişigi ýerine ýetirildi.

Aýjemal Ezizowanyň birnäçe ýylyň dowamynda ýerine ýetiren barlaglarynyň netijeleri çap edilen ylmy işlerinde, ylmy-önümçilik hasabatlarda öz beýanyny tapdy. Geçirilen işleriň netijeleri pudaklaýyn ylmy-amaly we halkara maslahatlarynda çykyş edip tanyşdyryldy. Barlaglaryň uly möçberi Bokurdak monoklinalynyň nebitiň we gazyň ýura tebigy sygymlaryny öwrenmäge we olaryň nebitgazlylygyny esaslandyrmaga bagyşlanan dissertasiýa işinde-de beýan edildi.

Sanalan üstünlikleriň esasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geologiýa bölüminiň gaz känleriniň geologik mowzuk barlag we taslamalaşdyryş barlaghanasynyň hünärmenleriniň barlaglarynyň netijeleriniň ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant bolup durýandygyny ynamly nygtamak bolar.

Aýjemal Ezizowa işinden daşary — aladaçyl ene, çeper elli zenan. Eli boş wagty özi hem-de çagalary üçin tikin işleri bilen meşgullanýar, keteni matasyndan täsin nagyşlary bilen tapawutlanýan şekilleri döredýär.

Şeýle hem Aýjemal okamagy halaýar, onuň höwes edýän kitaplarynyň hatarynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň eserleri, şeýle hem taryhy edebiýat bar.

Aýjemalyň iki perzendi bolup, gyzy Jemal — talyp, ogly Taňryberdi bolsa orta mekdepde bilim alýar, aladaçyl ene olara Watana bolan söýgini, zähmetsöýerligi öwredýär. Ezizowlaryň maşgalasy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda bolup geçýän ägirt uly özgertmelere buýsanyp ýaşaýar.

Aýjemal Ezizowanyň ýolbaşçylygyndaky agzybir işgärler topary ukyp-başarnygy we ýokary hünär ussatlygy netijesinde uly ylmy-amaly netijeleri gazanýarlar.

Aýjemal işde gazanan üstünlikleriniň eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna we rowaçlanmagyna ýardam edýändigi üçin özüni bagtly saýýar.

Ussa USSAÝEW,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Başga makalalar
166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.


166869e1423b02.jpeg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.


1667939b220dcd.jpeg
Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne

Merkezi Aziýada iň uly birönümli gatlakly Şatlyk (Gündogar we Günbatar) gazkondensat käni 1973-nji ýylda ulanyşa goýberildi.

16671c2f3577bf.jpeg
Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne

Türkmençilikde aýdylyşy ýaly, Ojak gaz käniniň höwri köp boldy. Amyderýanyň hekdaş gatlaklaryny düýe boýnuny döredip kesip geçýän ýerinde, Şyharyk obasynyň ýanynda 1966-njy ýylda türkmen gazçylarynyň merkezi Gazojak şäheriniň düýbi tutuldy.


16653439d8d69b.jpeg
Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne

Gaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň iň iri pudaklarynyň biri bolmak bilen, mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde we eziz Watanymyzyň gülläp ösüşini gazanmakda möhüm orny eýeleýär.