2024: Nebit-gaz pudagynyň geljegi
2024-nji ýylyň 25-27-nji sentýabry aralygynda Almaty şäherinde iň uly senagat çäresi - 29-njy Halkara “Nebit we gaz” halkara maslahaty we sergisi - KIOGE 2024 geçiriler. Bu barada minmag.kz. habar berýär.
Bu halkara çärede 15 ýurtdan 200-den gowrak kompaniýa özüniň iň oňat innowasiýa çözgütlerini we nebit-gaz senagatynyň önümleriniň köp görnüşini hödürlär. Kanadadan, Germaniýadan, Hytaýdan, Russiýadan we Türkiýeden gatnaşyjylar milli diwarlyklaryny görkezerler.
Däp bolşy ýaly, sergide iri nebit we gaz çykaryş, gözleg we önümçilik, nebit hyzmat kompaniýalary, nebit-gaz, şahsy we senagat gorag enjamlaryny öndürijiler özleriniň diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrarlar.
25-26-njy sentýabrda geçiriljek KIOGE konferensiýasynyň dowamynda çykyş etjekler we oňa gatnaşyjylar özara tejribe alşarlar, täze pudak taslamalarynyň durmuşa geçirilişini we halkara hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar.Ýyl-ýyldan çäräniň guramaçylary gatnaşyjylar üçin döredilýän şertleri we amatlyklary kämilleşdirip, konferensiýanyň has netijeli bolmagyna çalyşýarlar. Hut şonuň üçin hem guramaçylar täze ýeri saýladylar. KIOGE-2024 konferensiýasy şäheriň iň beýik binasynda, ýagny maslahat otaglary döwrüň iň täze tehniki talaplaryna laýyk gelýän, çykyş etjeklere özleriniň prezentasiýalaryny we hasabatlaryny doly görkezmäge mümkinçilik berýän Rits-Karlton myhmanhanasynda geçiriler. Şäheriň merkezinde maslahata gatnaşyjylar we myhmanlar üçin zerur bolan ähli infrastrukturalar bar.
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen sanly infrastrukturasyny ösdürýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly Moodle platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary girizildi.
Berkarar döwletiň talyplarynyň köňül kelamy
Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna täze ylym-bilim ojaklary gurlup ulanylmaga berilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem täze ýokary okuw mekdepleri, umumybilim berýän orta okuw mekdepleri ulanylmaga berildi. Munuň özi bu ugurda alnyp barylýan işleriň depgininiň barha ilerleýändigini görkezýär. Şu ýyl hem arzuwlary myrat tapyp, ýokary okuwa giren ýaşlar örän köpdür. Olaryň arasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine täze okuw ýylynda talyplyga kabul edilen ýaşlar hem az däl.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.