USAID-iň YDA taslamasy frilans boýunça trening maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edýändigini yglan edýär
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilans boýunça trening maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan edýär.
Bu maksatnamanyň maksady — gatnaşyjylara frilanser hökmünde üstünlikli uzakdan işlemekde we Türkmenistandaky we daşary ýurtlardaky müşderiler üçin taslamalary ýerine ýetirmekde zerur bolan nazarýet we amaly bilimleri hem-de başarnyklary bermekdir.
Treningiň meýilnamasy şu aşakdaky temalary öz içine alýar: öňdebaryjy frilans- meýdançalarynda işlemek, laýyk gelýän taslamalary gözlemek, müşderiler bilen netijeli aragatnaşygy saklamak, işiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin Airtable we Asana ýaly gurallary ulanmak, hyzmatlaryň bahasyny kesgitlemek, töleg usullaryny ulanmak, şahsy brending we beýleki frilansa degişli ugurlar. Trening halkara we ýerli bilermenleriň gatnaşmagynda gibrid formatda geçiriler.
Bu trening maksatnamasy programmirleme, grafiki dizaýn, programma üpjünçuligini döretmek, terjime etmek, maliýe, buhgalteriýa we uzakdan işlemäge laýyk gelýän beýleki ugurlar boýunça başarnyklary bar bolan 18–28 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary üçin niýetlenendir.
Maksatnama gatnaşmak tölegsiz.
Gatnaşmak üçin onlaýn ýüz tutma hasaba alyş formasyny 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 18-ne, sagat 12:00-a çenli doldurmak zerurdyr: https://forms.office.com/r/RBZ6QD40x7?origin=lprLink
Maksatnama boýunça degişli soraglary SAnnarejepov@q2impact.com elektron poçtanyň salgysy boýunça ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.
Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis
23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi iri sebit taslamalarynyň barşy barada aýtdy
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Lahoryň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Ambassadors' Dinner 2026» atly däp bolan diplomatik agşamlyk naharyna baş myhman hökmünde gatnaşdy.
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen sanly infrastrukturasyny ösdürýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly Moodle platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary girizildi.