Peýdaly maslahatlar

Iň peýdaly miwe erikdigi tassyklanyldy

https://ussatnews.com/storage/posts/967/original-16061ef45026ea.jpeg

Lukmanlar birnäçe ylmy barlaglardan soň, iň peýdaly miwäniň erikdigini tassykladylar. Olaryň sözlerine görä, eger-de erigi günde iýseň, onda köp kesellerden, esasan hem, ýürek — damar we böwrek kesellerinden saplanyp bolar.

Hünärmenler erigi aýallara has hem göwreli döwürleri iýmegi maslahat berýärler. Olar erigiň pes kaloriýalydygyny, ýöne şonuň bilen bilelikde holesterini peseldip, organizmiň umumy işjeňligini ýokarlandyrýandygyny, ony şlaklardan we toksinlerden arassalaýandygyny aýdýarlar.

Lukmanlaryň sözlerine görä, erik semiz adamlara horlanmaga kömek edýär. Ondan başga-da erik adamyň keýpini ýokarlandyryp, ynjalyksyzlygyny peseldýän eken.

Agamyrat AGAMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
16a4a98f37215f.jpeg
Aýdym-saz täsin güýçdür

Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.


168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.


16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.