Petronas – TEIF 2025 Halkara forumynyň öňdebaryjy hyzmatdaşy
2025-nji ýylyň 23-24-nji apreli aralygynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forum (TEIF 2025) Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça nobatdaky strategik ädim bolar.
Bu çäre “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan “Turkmen Energy F0rum” hojalyk jemgyýetiniň goldaw bermeginde guralýar. Forum Türkmenistanyň energetika toplumyna, gurluşyk, ulag hem-de beýleki strategik pudaklaryna maýa goýum çekmegiň mümkinçilikleri boýunça netijeli pikir alyşmak üçin möhüm meýdança bolar.
“Turkmen Energy Forum-yň” habar bermegine görä, foruma Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasynyň öňdebaryjy hyzmatdaş hökmünde gatnaşmagy onuň strategik ähmiýetini görkezýär. Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň we Malaýziýanyň energetika pudagyndaky gatnaşyklarynyň has-da çuňlaşýandygyny görkezýär.
“Petronas” kompaniýasy eýýäm çärýek asyrdan gowrak wagtdan bäri Türkmenistanyň energetika pudagynda möhüm orun eýeleýär. 1996-njy ýyldan bäri kompaniýa Hazar deňziniň türkmen böleginde uglewodorod serişdelerini gözlemek we çykarmak boýunça iş alyp barýar.
2024-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň dowamynda “Petronas” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen Petronas diňinde duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk iki ýurduň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalandyrylýandygyny görkezdi. Şol duşuşykda hem nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Petronas” kompaniýasy Önümi paýlaşmak hakynda şertnamanyň çäginde 1-nji blokda ýerleşýän Magtymguly, Öwez we Diýarbekir känleriniň özleşdirilmegine möhüm goşant goşdy. Mundan başga-da, kompaniýa Türkmenistanda gazy gaýtadan işleýän desgalaryň ösdürilmegine hem işjeň gatnaşýar.
Hususan-da, Gyýanlyda gazy taýýarlaýan desga “Petronas” kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurlup, 2023-nji ýylda Garagol-Deniz ýatagynda nebitiň çykarylmagyna başlandy.
Şeýle hem, “Petronas” adam maýasynyň ösmegine goşant goşýar. 1998-nji ýyldan bäri kompaniýa türkmenistanly talyplara Malaýziýanyň “Petronas” tehnologiýa uniwersitetinde bilim almak üçin mümkinçilik döredýär.
Türkmenistan gönüden-göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça işjeň syýasat alyp barýar. TEIF forumlarynyň öňki tapgyrlarynyň üstünlikli geçirilmegi hem muňa aýdyň mysaldyr. 2023-nji ýylda Dubaýda, 2024-nji ýylda Parižde geçirilen forumlar Ýakyn Gündogardan we Günbatar Ýewropadan maýadarlaryň uly gyzyklanmasyny döretdi.
TEIF 2025 forumynyň Kuala-Lumpurda geçirilmegi bolsa Türkmenistanyň häzirki wagtda Günorta-Gündogar Aziýanyň çalt ösýän ykdysadyýetlerine aýratyn üns berýändigini we bu sebitleýin täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmak ugrunda tagalla edýändigini görkezýär.
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen sanly infrastrukturasyny ösdürýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly Moodle platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary girizildi.
Berkarar döwletiň talyplarynyň köňül kelamy
Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna täze ylym-bilim ojaklary gurlup ulanylmaga berilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem täze ýokary okuw mekdepleri, umumybilim berýän orta okuw mekdepleri ulanylmaga berildi. Munuň özi bu ugurda alnyp barylýan işleriň depgininiň barha ilerleýändigini görkezýär. Şu ýyl hem arzuwlary myrat tapyp, ýokary okuwa giren ýaşlar örän köpdür. Olaryň arasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine täze okuw ýylynda talyplyga kabul edilen ýaşlar hem az däl.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.