Tebigy gazyň çykarylýan we eksport edilýän möçberleri artýar
Nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän we eksport edilýän möçberlerini artdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň biridir.
Pudagyň hünärmenleri bu wezipäni çözmek üçin döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ýataklaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça netijeli usullaryň giňden ulanylmagyna, bar bolan guýularyň netijeliligini gowulandyrmaga, şeýle hem täze “ýerasty guýularyň” işe girizilmegine, nebitgaz düzüminiň desgalaryny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berýärler.
Şu ýylyň geçen iki aýynda Türkmenistanda tebigy we ugurdaş gazyň 14,5 milliard kubmetrden gowragy çykaryldy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde ösüş depgini 107,4 göterine deň boldy, “mawy ýangyjyň” eksporty 9 göterim ýokarlanyp, 6,7 milliard kubmetrden geçdi. Çig malyň agramly bölegi Hytaý Halk Respublikasyna iberildi.
Umuman ýurdumyz boýunça ýanwar-fewral aýlarynda nebitiň çykarylan mukdary 1,46 million tonna golaý boldy. “Gara altynyň” çykarylýan möçberini has-da artdyrmak boýunça meýilnamalar ozaly bilen Hazaryň kenarýaka zolagyndaky geljegi uly täze meýdanlary özleşdirmek bilen bagly bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, şu ýyl buraw işleriniň ep-esli artandygyny bellemek bellemek gerek.
Şeýlelikde, häzirki wagtda «Türkmennebit» döwlet konserni Demirgazyk Goturdepe ýatagynda ulanyş guýularynyň 11-niň we gözleg guýularynyň ikisiniň gurluşygyny alyp barýar. Şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bu ýerde aşaky miosen çökündilerini barlamak üçin niýetlenen guýularyň ikisini burawlamagy dowam edýär.
Uzynada gazkondensatly ýatagy özleşdirmek boýunça işler batly depginlerde dowam edýär, bu ýerde önüm berýän guýularyň altysy bar. Häzir bu ýatakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalary iki guýyny, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bolsa, “ýerasty guýularyň” ýene-de üçüsini burawlaýarlar.
Gözleg-barlag buraw işleri bilen bir hatarda 2D we 3D usullar arkaly seýsmiki barlaglaryň, şeýle hem nebitiň we gazyň, beýleki tebigy serişdeleriň täze ýataklaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen grawimetriki işleriň uly maksatnamasy amala aşyrylýar.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda geçen iki aýda dürli kysymly benziniň 310 müň tonna golaýy, dizel ýangyjynyň 279 müň tonnadan gowragy, polipropileniň 13 müň tonnadan gowragy, çalgy ýaglaryň 10,6 müň tonnasy öndürildi.
Suwuklandyrylan gazyň öndürilen mukdary tutuş ýurdumyz boýunça 28 müň tonnadan gowrak boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň energetika strategiýasy ozaly bilen ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod kuwwatyny netijeli amala aşyrmaga hem-de ýangyç-energetika toplumynda milli we umumy bähbitlere kybap gelýän özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir.
Pudagyň çig mal binýadyny berkitmek, önümçilik düzümini has-da döwrebaplaşdyrmak we nebitgaz senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek maksady bilen görlen anyk çäreler ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmaga, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmaga we degişlilikde Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Ussat news
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Aşgabatda OGT 2026 forumynyň myhmanlaryny ALI atly adam şekilli robot garşylar
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 21-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» XXXI halkara maslahaty we sergisi açylar. Forumyň guramaçylarynyň bellemegine görä, sergi meýdançasynyň esasy tehnologik täzeligi emeli aň tehnologiýalarynyň esasynda işleýän adam şekilli ALI atly robot bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjana bardy diýip, TDH habar berýär.