Habarlar
165ce394ac8f2d.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ-nyň Döwlet Departamentinde hyzmatdaşlygyň ýollaryny maslahatlaşdy
15.02.24 - 21:18

Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ-nyň Döwlet departamentinde Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary, ilçi Jon Pommerşaým bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.


165cd0d4286071.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti «Leonardo S.p.A.» italýan holdinginiň ýolbaşçysyny kabul etdi
14.02.24 - 23:58

Prezident Serdar Berdimuhamedow “Leonardo S.p.A.” italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwony kabul etdi diýip, TDH habar berýär.


165cd0c749cf6b.jpeg
Türkmenistan we BMG-niň ÝYK energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
14.02.24 - 23:54

Sişenbe güni Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda ugurdaş ministrlikleriň we edaralaryň, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň wekilleriniň Aşgabatda iş sapary bilen gelen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti bilen duşuşygy geçirildi.


165cc7a424617d.jpeg
Türkmenistan Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde birnäçe başlangyçlary öňe sürdi
14.02.24 - 13:30

Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Bütindünýä hökümet sammitiniň (WGS 2024) mejlisleriniň işine gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.


165cc26b0561b6.jpeg
Türkmenistanyň we BAE-niň wekilleri energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek meselelerini maslahatlaşdy
14.02.24 - 07:34

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bütindünýä hökümet sammitine (WGS 2024) gatnaşmagynyň çäklerinde Daşary işler ministri R.Meredow bilen Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Baş direktorynyň orunbasary Gauri Singhiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.


165cc21168b9f4.jpeg
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Dubaýda elektroenergetika we nebit senagaty ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
14.02.24 - 07:10

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň BAE-niň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary bilen duşenbe güni geçiren duşuşyklarynda elektroenergetika we nebit ulgamynda hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.


165cc22f55aaed.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabide hyzmatdaşlygyň, şol sanda gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
14.02.24 - 07:18

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň çäklerinde Abu-Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise Prezidenti, Premýer-ministriň orunbasary, Prezidentiň Diwanynyň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.


165cb7efa04aa4.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
13.02.24 - 19:38

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.


165cb7b48857f6.jpeg
Ýurdumyzyň Ak bugdaý etrabyna ABŞ-nyň 1 million dollar pul baýragy gowşuryldy
13.02.24 - 19:23

12-nji fewralda Ahal welaýatynda 2023-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Ak bugdaý etrabyna degişli baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy.


165cac859a4c73.jpeg
“Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda mekdepler we çagalar baglary gurular
13.02.24 - 06:39

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda umumybilim berýän mekdepleriň we çagalar bagynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.


165ca67a420b09.png
Türkmenistanda 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy tassyklanyldy
12.02.24 - 23:47

2024-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20,7 milliard amerikan dollaryna ýetirmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 38,5 milliard manat möçberinde maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär.


165ca65c5d973c.jpeg
Türkmenistanyň wekilleri “Merkezi Aziýa+ABŞ” kritiki minerallar boýunça Dialoga gatnaşdy
12.02.24 - 23:39

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň, "Türkmengaz", "Türkmennebit" we "Türkmenhimiýa" döwlet konsernleriniň wekillerinden ybarat wekiliýet Waşington şäherinde "Merkezi Aziýa+ABŞ" görnüşinde kritiki minerallar boýunça ilkinji dialoga gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçihanasy habar berýär.


165c6d23b7e31e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
10.02.24 - 06:32

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.


165c635c5547aa.jpeg
Serdar Berdimuhamedow Ilham Aliýewi Azerbaýjanyň Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady
09.02.24 - 19:25

Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe Azerbaýjan Respublikasynyň Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.


165c528402d3b1.jpeg
Ispaniýanyň wekiliýeti maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin mart aýynda Türkmenistana geler
09.02.24 - 00:15

Mart aýynda Ispaniýanyň wekiliýeti maýa goýum hyzmatdaşlygyny maslahatlaşmak üçin Türkmenistana geler diýip, Russiýa Federasiýasyndaky türkmen wekilhanasynyň saýty habar berýär.