Habarlar
1617ad4f6be0e2.jpeg
Türkmensitan we Eýran ulag hem-de ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümligini nygtadylar
28.10.21 - 21:51

26-27-nji oktýabrynda Tähranda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 16-njy mejlisinde özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary we ýakyn geljek üçin ileri tutulýan bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


1617aa4a8bc127.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmennebit» DK-nyň we «Tatneft» kompaniýasynyň ýurtda nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça tekliplerine garady
28.10.21 - 18:24

Çarşenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow käbir wise-premýerleriň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” atly XXVI halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.


1617a9f8a1beb1.jpeg
Türkmenistan Ýaponiýadaky «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşar
28.10.21 - 18:03

Türkmenistan Ýaponiýanyň Osaka şäherinde emeli döredilen Ýumesima adasynda “Biz ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” şygary astynda geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär.


161799e8201962.jpeg
Barkindo: OPEC Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga taýýar
27.10.21 - 23:46

Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy (OPEC) Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny berkitmäge taýýar. Bu barada OPEC-niň Baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo şu gün Aşgabatda açylan «Türkmenistanyň nebiti we gazy» 26-njy halkara maslahatyna gatnaşyjylara wiseoýüzlenmesinde aýtdy.


161796a228ec3d.png
Hormatly Prezidentimiz Şawkat Mirziýoýewi Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi mynasybetli gutlady
27.10.21 - 20:02

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewe Özbegistan Respublikasyndaky Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.


16179562a45e62.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahaty öz işine başlady
27.10.21 - 17:31

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahaty öz işine başlady. Bu forumyň guramaçylary bolup «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.


16178e6df57a63.jpeg
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahata gatnaşyjylara
27.10.21 - 10:42

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahata gatnaşyjylara.


16177c38f42378.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi
26.10.21 - 13:59

25-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.


16177bada04b40.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
26.10.21 - 13:22

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.


16177b751aa281.jpeg
Balkan welaýatynda Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň täze binasy dabaraly açyldy
26.10.21 - 13:07

23-nji oktýabrda Balkan welaýatynyň merkezinde Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň täze binasynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabara boldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary S.Berdimuhamedow, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň, degişli düzümleriň, kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, gurluşykçylar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.


1617774d43e77a.jpeg
Türkmenistan we ÝB energetika, söwda, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
26.10.21 - 08:24

Göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň ýigriminji mejlisinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ösüşi we hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen meseleleriň giň toplumy maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


1617772e40e1bb.jpeg
«Daşoguzgazçykaryş» müdirligi sarp edijilere gazyň bökdençsiz iberilmegini üpjün edýär
26.10.21 - 08:15

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary şu ýylyň dokuz aýyny üstünlikli jemlediler. Müdirligiň hünärmenleri içerki sarp edijilere bolşy ýaly, daşarky bazarlara hem gazyň bökdençsiz iberilmegini üpjün edýärler.


1617441aa88096.jpeg
Ýurdumyzyň wekiliýetiň agzalary Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde gulluk iş saparynda bolar
23.10.21 - 22:08

Ýurdumyzyň wekiliýetiň agzalary Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde gulluk iş saparynda bolar.


16173b38042339.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet bilim edaralary hakyndaky Düzgünnamalary tassyklady
23.10.21 - 12:02

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet bilim edaralary hakyndaky Düzgünnamalary tassyklady.


161739a5eabd85.jpeg
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza döwlet sapary meýilleşdirilýär
23.10.21 - 10:15

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň 24-25-nji oktýabrda Türkmenistana döwlet sapary meýilleşdirilýär. Ýokary derejede geçiriljek duşuşyk hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda onuň uly kuwwatyny has doly peýdalanmaga, uzak möhletleýin geljegi nazara alyp, gatnaşyklaryň täze möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam eder.