Habarlar
1615ffb3500acb.jpeg
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi
08.10.21 - 13:03

7-nji oktýabrda türkmen paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


1615f213d1cd0d.jpeg
Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
07.10.21 - 21:33

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.


1615f0c8e8ad4a.png
«Syýasat we jemgyýet» ylmy-nazaryýet žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
07.10.21 - 20:04

Žurnalda çap edilen makalalaryň özenini düzýän sowal-jogap, seljeriş we statistiki maglumatlar milli Liderimiziň köpugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny şöhlelendirýär.


1615ecf5747cc4.jpeg
Türkmenistanlylar Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen ýatladylar
07.10.21 - 13:49

6-nji oktýabyrda — Hatyra gününde türkmenistanlylar 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen ýatlaýarlar. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.


1615d4b7b7a08c.jpeg
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler
06.10.21 - 12:08

6-nji oktýabrda Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.


1615d4191a9c01.jpeg
Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi
06.10.21 - 11:26

6-nji oktýabrda Daşkentde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.


1615c5c2ac1ea9.jpeg
Daşkent şäherinde türkmen-özbek ykdysady forumy geçirildi
05.10.21 - 19:07

4-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynyň paýtagtyndaky ägirt uly häzirki zaman toplumynda — “Ýaşnabad” innowasion tehnoparkynda guralan türkmen-özbek ykdysady forumy ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşiklere işewürlik taýdan özboluşly badalga berdi, bu toplumda innowasion häsiýetli taslamalar amala aşyrylýar, dürli ugurlarda ylmy işläp taýýarlamalar we barlaglar geçirilýär.


1615c16987cd15.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna iki günlük resmi sapary başlandy
05.10.21 - 14:10

4-nji oktýabr günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady.


1615bc018b9aec.jpeg
«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
05.10.21 - 08:01

,,Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany’’ ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň uly toý tutumlaryna beslenýän günlerinde ,,Türkmennebit’’ döwlet konserniniň ,,Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri’’ syýasy-jemgyýetçilik we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky üçünji sany çapdan çykdy.


1615b3b5a9bec0.jpeg
Hormatly Prezidentimiz Saglyk ýoluny geçdi we welosipedli gezelenç etdi
04.10.21 - 22:35

Dynç güni säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýoluny geçip, sport maşklary bilen meşgullandy. Milli Liderimiziň nusgalyk göreldesi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, ilat köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmaklarynda möhüm orun eýeleýär.


1615a61eebc0f5.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Hazar deňzi institutynyň gurluşyny tassyklady
04.10.21 - 07:07

Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Hazar deňzi institutynyň gurluşy tassyklanyldy.


1615a5ca1411d5.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
04.10.21 - 06:45

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.


16159e62d214b9.jpeg
«EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli gününi geçirmäge taýýarlyk görülýär
03.10.21 - 22:19

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde guralýan «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde, 9-nji oktýabrda Türkmenistanyň milli gününi geçirmäge taýýarlyk görülýär.


16159d008792e8.png
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni 2022-2025-nji ýyllar aralygynda 512 müň tonna fosforit ununy we himiýa önümlerini satyn alar
03.10.21 - 20:45

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni 2022-2025-nji ýyllar aralygynda 512 müň tonna fosforit ununy we himiýa önümlerini satyn alar.


1615b4c580a722.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti TASS agentligine interwýu berdi
03.10.21 - 14:28

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň Russiýa bilen gatnaşyklaryň dürli ugurlary baradaky sowallaryna jogap berdi, durmuş ýörelgeleri barada gürrüň berdi, şeýle hem Türkmenistanyň Owganystanyň täze hökümeti bilen hyzmatdaşlyga taýýardygy barada aýtdy.