Habarlar
161a84e444b367.jpeg
TOPH: energetika howpsuzlygy, arassa ekologiýa
02.12.21 - 09:40

Soňky onlarça ýyllaryň dowamynda howanyň üýtgemegi adamzat üçin düýpli meseleleriň birine öwrüldi. Bu meseläniň toplumlaýyn häsiýetini nazara almak bilen, Türkmenistan daşky gurşawy goramak hem-de tebigatdan oýlanyşykly peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berýär.


161a79afd44850.jpeg
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Duşenbede ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerini maslahatlaşdy
01.12.21 - 20:55

«Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumynyň 14-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen geçiren duşuşygynda ikitarapalýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


161a66d214791e.jpeg
Aşhabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi
30.11.21 - 23:27

29-njy noýabrda paýtagtymyzdaky köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” myhmanhanasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi.


161a66642eedca.jpeg
Paýtagtymyzda YHG-nyň ýörite sylagyna mynasyp bolan Türkmenistanyň wekilini sarpalamak dabarasy boldy
30.11.21 - 22:58

29-njy noýabrda paýtagtymyzda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýörite sylagyna mynasyp bolan Türkmenistanyň wekilini sarpalamak dabarasy boldy. Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammitiniň çözgüdine laýyklykda, “Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty” ugry boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory Ý.Orazgylyjowa sylag gowşuryldy.


161a65bfd29453.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
30.11.21 - 22:14

29-nji noýabyrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.


161a505401a894.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
29.11.21 - 21:52

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.


161a4f57fbebbd.jpeg
Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde YHG-nyň 15-nji sammiti geçirildi we Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy kabul edildi
29.11.21 - 20:45

28 noýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammiti geçirildi. Köpugurly işewürlik merkezli täze “Garagum” oteli nobatdaky duşuşygyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de halkara ähmiýetli möhüm çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi.


161a4945feffb4.jpeg
Türkmenistan — Özbegistana awtobenzin ibermekde ilkinji üçlükde
29.11.21 - 13:50

Türkmenistan Özbegistana awtomobil ýangyjyny ibermekde ilkinji üçlüge girdi. Ýanwar-oktýabr aýlarynda türkmen ýangyjynyň Özbegistana eksporty 136 million litre barabar boldy diýip, Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti habar berýär.


161a7a72aa378f.png
NEBITGAZ PUDAGYNYŇ GELJEGI: «DÜŞBI GUÝULAR» WE «SANLY ÝATAKLAR»
01.12.21 - 21:34

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz senagaty pudagyny ösdürmek, onuň önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny berkitmek wezipelerine uly üns berýär, hut şunuň esasynda hem bu pudaga uly möçberlerdäki maýa goýumlar goýulýar.


161a35b401abb5.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglady
28.11.21 - 15:34

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglanyldy.


161a25997295af.jpeg
Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlady
27.11.21 - 21:15

Şu gün Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza iki günlük döwlet sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi.


161a232dbc3c13.jpeg
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
27.11.21 - 18:30

26 noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreler, şanly sene mynasybetli has tapawutlanan harby gullukçylary döwlet sylaglary bilen sylaglamak babatda taýýarlanylan teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.


161a20f2a8c560.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
27.11.21 - 15:57

26-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.


161a1f1c18ef5f.jpeg
Ýuridik şahslaryň ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny bes etmek bellenildi
27.11.21 - 13:52

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran 14668-nji Kararyna laýyklykda, ýuridik şahslaryň ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny, olaryň peýdalanýan ýer böleklerini peýdalanmaga bermek üçin, agzalan şahslaryň ylalaşygy esasynda bes etmek, şeýle hem ýer böleklerini degişli döwlet edara-kärhanalaryna peýdalanmaga bermek bellenildi.


161a1e615e9247.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
27.11.21 - 13:02

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Kemerowo oblastynyň “Listwýažnaýa” şahtasynda bolup geçen pajygaly hadysanyň adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny ýollady.