
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparow bilen gepleşikleri geçirdi
29.06.21 - 14:0628-nji iýunda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň we Hytaýyň gatnaşyklary netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýar
29.06.21 - 13:40Türkmenistanyň gaz ulgamynda taslamalary amala aşyrmak üçin Hytaýyň beren karzlaryny doly gaýtaranlygy baradaky habar daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň we dünýä metbugatynyň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýanyň Prezidentini gutlady
28.06.21 - 21:07Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Uhnaagiýn Hurelsuha Mongoliýanyň Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
28.06.21 - 14:1027-nji iyunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, ynsan gylykly bedewleri bilen didarlaşdy.

Ýurdumyda internet hyzmatlarynyň bahalary arzanladylar
28.06.21 - 01:34Ýurdumyzda internet ulanyjylaryň sany barha artýar. Şeýle hem kärhanalarda, edaralarda, telekeçilikde we bilim ulgamynda internet ulgamyndan işjeň peýdalanylýar.

Adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde Türkmenistanda ekologiýa meselesine aýratyn üns berilýär
28.06.21 - 00:31Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Bu resminama ýurdumyzyň milli we tebigy howa aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, tokaý zolaklarynyň meýdanyny giňeltmek, tokaý gaznasyny döwlet tarapyndan hasaba almak, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak hem-de Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlady
27.06.21 - 10:28Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlady.

Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji gazyny ibermekde liderligi saklaýar
26.06.21 - 19:20Hytaý 2021-nji ýylyň aprelinde 4 milliard 227 million kub metr tebigy gazyny import etdi. Bu 2020-nji ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende 800 mln kub metr köpdür. Türkmenistan Hytaýa 2 milliard 576 million kub metr tebigy gazyny iberdi we gaz eksport edijileriň arasynda birinji orny eýeledi.

Özbegistan satyjydan «Gazpromdan» türkmen gazyny satyn alyja öwrüldi
26.06.21 - 19:15Özbegistan “Gazprom” kompaniýasyna gaz satyjydan alyja öwrüldi. Bu barada “Gazprom” kompaniýasynyň ýewro obligasiýalary boýunça resminamalaryna salgylanyp, “Interfaks” habar gullugy duşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
25.06.21 - 12:4024-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jurnalyň täze sany çap edildi
24.06.21 - 12:20«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly syýasy-jemgyýetçilik, ylmy-publisistik žurnalynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyndaky nobatdaky sany çap edildi. Žurnalyň ilkinji makalasy ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara forumyň işine bagyşlanypdyr. Makalada işewür hyzmatdaşlygyň ähmiýeti, nebitgaz toplumynyň düzümleriniň üstünlikleri we geljegi beýan edilýär.

Türkmenistan noýabrda Aşgabatda YHG agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitini geçirmäge taýýarlyk görýär
24.06.21 - 11:5128-nji noýabrda Aşgabatda YHG-nyň XV sammitini geçirmek meýilleşdirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow sammite görülýän taýýarlyk işleri barada Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

HHR-iň kompaniýasy «Galkynyş» käninde täze guýulary gurmak boýunça halkara bäsleşiginde ýeňiş gazandy
23.06.21 - 20:41«CNPC Chuanging Drilling Engineering Company Ltd» hytaý kompaniýasy “Galkynyş” gaz käninde täze guýulary gurmak boýunça hyzmatlary alyp barmak babatda halkara bäsleşiginde ýeňiş gazandy. Bu barada wise-premýer Ş.Abdrahmanow geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Lebap welaýatyna iş sapary başlandy
23.06.21 - 14:0922-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyna ugrady. Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menzilinde welaýat häkimi milli Liderimize sebitiň gallaçylarynyň döwlete däne tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdi.

Lebap welaýatynyň edara ediş merkezinde 2021-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy
23.06.21 - 12:1422-nji iýunda Lebap welaýatynyň edara ediş merkezinde 2021-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen giň gerimli döredijilik çäresi 2013-nji ýyldan başlap, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde geçirilýär. Bu möhüm ähmiýetli çäre milli medeniýetiň köpöwüşginliligini, onuň döwletiň we jemgyýetiň ösüşindäki ornuny, ägirt uly parahatçylyk dörediji kuwwatyny görkezýär.