Habarlar
160b0a5ffdca75.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.05.21 - 13:22

26-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilowy kabul etdi.


160ae8b83238d5.jpeg
Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy bellenilýän günde paýtagtymyzda ilkinji doglan çagalarа Aşgabat hem Merjen atlary dakyldy
26.05.21 - 22:56

Aşgabat şäheriniň güni hem-de onuň döredilmeginiň 140 ýyllygy bellenilýän günde paýtagtymyzyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezde doglan ilkinji çagalaryň ene-atalaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.


160ae3efb54877.jpeg
Aşgabat şäherinde birbada 140 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi
26.05.21 - 17:29

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy giňden dabaralanýan günlerinde, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän Çoganly ýaşaýyş toplumynda birbada 140 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi.


160ae27dab3f38.jpeg
Gözel paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde“Aşgabat-sitiniň” düýbi tutuldy
26.05.21 - 15:56

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutuldy. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde bina ediljek ägirt uly, täzeçil mega-taslamada dünýä tejribesinde giňden ulanylýan şähergurluşyk çözgütleri we milli binagärlik ýörelgeleri öz beýanyny tapar.


160ad4f5973853.jpeg
“Ak şäherim Aşgabat” atly halkara köpugurly sergi türkmenistanlylaryň paýtagtymyza ýokary buýsançyň belentligini açyp görkezdi
26.05.21 - 00:39

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanylan “Ak şäherim Aşgabat” atly XX halkara köpugurly sergi geçirildi. Sergä kärhanalaryň we beýleki düzümleriň 90-dan gowragy, şol sanda daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.


160acc626eb813.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentine «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen ady dakyldy
25.05.21 - 14:41

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen ady dakmak hakynda


160ab8a6f0d29c.jpeg
Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşigiň jemi jemlenildi
24.05.21 - 16:23

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda ,,Arkadagyň ak mermerli şäheri, Gözelligiňe älem aşyk, Aşgabat!’’ atly paýtagtymyzyň ösüşlerini, özgerişlerini açyp görkezýän we çeper beýan edýän iň gowy makalalaryň, oçerkleriň, fotoreportažlaryň, goşgudyr hekaýalaryň döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.


160aa899de4691.jpeg
Hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
23.05.21 - 22:04

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.


160a878b62590b.jpeg
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dördünji maslahaty geçiriler
22.05.21 - 08:22

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dördünji maslahaty geçiriler


160a7e95739299.jpeg
“Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat” döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi
21.05.21 - 22:10

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň maslahatlar zalynda paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan “Arkadagyň ak şäheri Aşgabat” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.


160a7d7df9abfb.jpeg
Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň iri täze gurluşyklaryny dikuçardan synlady
21.05.21 - 20:56

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň ýokarsyndan dikuçarda aýlanyp, paýtagtymyzda Aşgabadyň 140 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleri bilen tanyşdy.


160a7cebd9ee35.jpeg
Hormatly Prezidentimiz tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda baryp gördi
21.05.21 - 20:21

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan täze iň döwrebap senagat toplumynyň – tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşdy hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen onuň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça pikir alyşdy. Şeýle hem dikuçardan birnäçe iri desgalaryň gurluşyk işleriniň barşyny synlady.


160a699d9e2e4d.jpeg
Yslamabat TOPH taslamasyny tiz wagtda durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär
20.05.21 - 22:19

Pakistanyň öňdebaryjy habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, Pakistan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmak taslamasynyň gysga wagtda durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýär.


160a575317198b.jpeg
Нormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Döwlet muzeýine 1971-nji ýylda işläp bejeren kürtesini gowşurdy
20.05.21 - 01:30

Нormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejе Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine milli amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eserini — 1971-nji ýylda işläp bejeren kürtesini gowşurdy.


160a402d6617f7.jpeg
Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler
18.05.21 - 23:10

“Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek hakynda” meýilnama laýyklykda, 24-25-nji maýda Söwda-senagat edarasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XX köpugurly sergini hem-de onuň çäklerinde dizaýnerleriň arasynda binagärlik bäsleşigini geçirmek maksat edinilýär.