Amanow Çarymyrata berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy
03.06.21 - 21:09Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Amanow Çarymyrat Kakalyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy
03.06.21 - 20:56Işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy
03.06.21 - 19:522-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem bu düzümleriň ýakyn geljek üçin işleriniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine bardy
02.06.21 - 13:531-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde guralan dabaraly çärä gatnaşdy. Bu baýramçylyk dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, döwletimiziň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda BMG-niň esasy ýörelgelerine ygrarlylygynyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyk seneleriniň sanawyna girizildi.
Türkmenistanyň Prezidenti“Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti bilen söhbetdeş boldy
01.06.21 - 07:19Şu ýyl bellenilýän şanly sene – Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň 30 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti bilen söhbetdeş boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň altyn nyşany bilen sylaglanyldy
01.06.21 - 07:04Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda habarlary alyşmak hem-de habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklar babatda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň giňeldýär.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
31.05.21 - 06:41Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Türkmen halysynyň baýramy bilen gutlady
30.05.21 - 15:25Çeper elli halyçylarymyza, ýurdumyzyň ähli halkyna, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guralýan dabaraly çärelere hem-de Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylara
Türkmenistanyň Prezidenti ýokary derejeli Ählumumy “tegelek stoluň” başyndaky maslahata gatnaşdy
30.05.21 - 14:39Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Gazyp alýan pudaklar durnukly ösüşiň hereketlendirijisidir” mowzugy bilen geçirilen ýokary derejeli Ählumumy “tegelek stoluň” başyndaky maslahata gatnaşdy. Onlaýn görnüşindäki maslahaty Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreş geçirdi.
Türkmenistanda tebigy gazyň çykarylyşy we eksporty artýar
29.05.21 - 21:24«Türkmengaz» döwlet konserni uglewodorod çig malyny çykarmagyň depginini artdyrýar. Şu ýylyň dört aýynda ýer astyndan tebigy we ugurdaş gazyň 29 milliard kubmetre golaýy, ýagny geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 4 milliard kubmetrden gowragy çykaryldy.
Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuş ýoluna bagyşlanan çäreler geçirildi
29.05.21 - 15:1328-nji maýda Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän harby bölümde we Medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň kyblasy, Watanymyzyň wepaly oglunyň röwşen keşbine hem-de durmuş ýoluna bagyşlanan çäreler geçirildi.
Hazaryň kenaryndaky şypahana zolagynda türkmenistanlylaryň howpsuz hem-de göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredildi
29.05.21 - 14:28Tomsuna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga isleg bildirýänler syýahatçylyk ýa-da beýleki degişli ýerli düzümlerden şu wagta çenli 2257 sany ýollamanama resmileşdirildi. Şol ýollamanamalary alan raýatlara Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan degişli rugsatnamalar berildi.
«Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy
28.05.21 - 23:35Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
Türkmenistanyň Prezidenti kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň kyrky mynasybetli sadaka berdi
28.05.21 - 14:1927-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän “Hezreti Omar” metjidinde kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň kyrky mynasybetli sadaka berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary bilen maslahat geçirdi
28.05.21 - 13:4726-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda hormatly Prezidentimiz, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary bilen geçiren maslahatynda olaryň alyp barýan işleri bilen tanyşdy, şeýle hem bu düzümiň işini guramak bilen bagly möhüm wezipeleri kesgitledi.