Geçen hepdäniň birža täzelikleri
25.01.21 - 13:30Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 35-si baglaşyldy.
Nebitgaz toplumynyň kärhanalary önümçilik kuwwatyny pugtalandyrýär
24.01.21 - 11:26Nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak bilen uglewodorod çig malynyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän mukdaryny mundan beýläk-de artdyrmak boýunça çäreler görülýär.
Aşgabat şäherinde ýerleşýän söwda dükanlary, restorany we söwda öýi hususylaşdyrylar
23.01.21 - 14:51Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurtda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetde hususy eýeçiligiň paýyny ýokarlandyrmak, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam bermek hem- de söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini hasda netijeli guramak maksady bilen, «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti «Aşgabat şäherinde ýerleşýän käbir binalary hususylaşdyrmak hakyndaky» Karara gol çekdi.
Kubandaky zawod türkmen polipropileninden önümleri öndürýär
22.01.21 - 23:01Ýakynda Krasnodar ülkesiniň (RF) Ust-Labinsk şäherinde polipropilenden önümleri öndürýän täze zawod işe girizildi. Kärhananyň çig maly hökmünde Türkmenistandan getirilýän polimer şarjagazlary çykyş edýär.
Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri möhüm resminama gol çekilmegini mübäreklediler
22.01.21 - 20:5621 ýanwarda türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy
22.01.21 - 14:1021-nji ýanwarda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara ylmy-okuw merkezinde saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy öz işine başlady, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjigine baryp gördi
21.01.21 - 22:3920-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmen we german lukmanlary buýanyň koronawirusyň öňüni almakdaky ähmiýetini maslahatlaşýarlar
20.01.21 - 22:3119-njy ýanwarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Essen uniwersitet klinikasynyň (Germaniýa) Infeksiologiýa Ylmy-barlag merkeziniň müdiri professor, doktor A.Krawçik bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet saýty habar berýär.
Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar
20.01.21 - 22:07Ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ilatyň saglygyny goramak, ýokanç keselleriň öňüni almak hem-de olary aradan aýyrmak, arassaçylyk –epidemiologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmen-hindi syýasy geňeşmeleriniň barşynda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmekde işjeňlik bellenilip geçildi
20.01.21 - 13:38Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda iki ýurduň DIM-niň orunbasarlarynyň derejesinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy ileri tutulýan bilelikdäki taslamalaryň hatarynda agzalyp geçildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, hindi wekiliýetine – Hindistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wikas Swarup ýolbaşçylyk etdiler.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi Brent nebitiniň bahasynyň 2021-2022-nji ýyllar üçin barreline $53 boljakdygyny çaklaýar
20.01.21 - 11:04ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2021-nji ýyl üçin Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreline 49 dollardan 53 dollara çenli ýokarlandyrdy diýip, ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň Energetika maglumatlary edarasynyň (EIA) aýlyk hasabatyna salgylanyp, INTERFAKS habar berýär.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň täze gurluşyklarynda işleriň barşy bilen tanyşdy
19.01.21 - 19:3618 ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy.
Türkmenistan “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy
19.01.21 - 16:1618 ýanwardaTürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
18.01.21 - 13:47Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 158-si baglaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Malaý gaz käninde täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.01.21 - 18:3415-nji ýanwarda"Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" şygary astynda geçýän 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda taryhy ähmiýetli waka - “Malaý” gaz käninde ýylda 30 milliard kub metre çenli tebigy gazy geçirmäge ukyply bolan döwrebap täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu taryhy waka eziz Diýarymyzyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda eksport kuwwatyny artdyrmakda ýene-de bir möhüm ädim boldy.