Habarlar
15f8485b175325.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda su ýylyň dokuz aýynyň jemine garaldy
12.10.20 - 21:34

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda wideo görnüşinde hasabat ýygnagy geçirildi.


15f840a34dd94c.jpeg
Halkbank» döwlet täjirçilik banky Paýdarlar täjirçilik bankyna öwüriler
12.10.20 - 12:48

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony guramaçylyk-hukuk görnüşi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolan «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankyna bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy.


15f84038cc904a.jpeg
2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri ýokarlandyrylar
12.10.20 - 12:19

Býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň; pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň; talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmaly.


15f83e3b1102e7.jpeg
Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Gyrgyz Respublikasyndaky wakalar hakynda Bilelikdäki Beýannamasy
12.10.20 - 10:03

Köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, umumy medeni hem-de ruhy gymmatlyklar bilen baglanyşan ýakyn goňşular hökmünde biz Gyrgyzystanyň halkyny şu çylşyrymly günlerde ýurtda parahatçylygy saklamagyň we durnuklylygy dikeltmegiň bähbidine oňa mahsus bolan parasatlylyk görkezmäge çagyrýarys.


15f8352e139fdd.jpeg
Ýurdumyzda umumy bahasy 38 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 2,5 müň sany iri desganyň gurluşygy dowam edýär
11.10.20 - 23:51

Ýurdumyzda umumy bahasy 38 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 2,5 müň sany iri desganyň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda özleşdirilen we abadanlaşdyrylan nebitgaz ýataklaryny, esasy gaz geçirijileri, sport desgalaryny, howa menzillerini, ýollarydyr uly köprüleri, durmuş maksatly desgalary görkezmek bolar.


15f8338568ce56.jpeg
Ýurdumyzda 9 aýyň içinde 21 sany iri desga işe girizildi
11.10.20 - 21:52

Biziň içeri syýasatymyz ata Watanymyzy ösdürmegiň tassyklanan maksatnamalaryna laýyklykda dowam edýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti 9-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýtdy hem-de Prezident maksatnamasy esasynda häzirki döwürde ozalkysy ýaly, ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmäge, täze kärhanalary gurmaga we işläp gelýänleriniň durkuny täzelemäge ägirt uly möçberde maýa goýumlarynyň goýulýandygyny nygtady.


15f831dd4c29f6.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işlerene nägilelik bildirdi
11.10.20 - 19:59

9-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzda gurluşygyň ýagdaýyny seljermegiň zerurdygyna wise-premýeriň hem-de gurluşyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekdi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi.


15f82feb19f0e1.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda elýeterli ýokary tizlikli Interneti ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi
11.10.20 - 17:46

9-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Wise-premýer B.Öwezow gözegçilik edýän pudaklarynyň dokuz aýda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.


15f82d1a26fe4d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere ýangyç-energetika pudagyndaky kemçilikleri düzetmegi tabşyrdy
11.10.20 - 14:34

9-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer M.Meredow dokuz aýda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.


15f82b74c04daf.jpeg
Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň durnukly ösýändigini görkezýär
11.10.20 - 12:42

9-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.


15f828d710e1e2.jpeg
Bilim, saglygy goraýyş we ylym hem-de sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýeryň wezipesine M.Geldinyýazow bellendi
11.10.20 - 09:43

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bilim, saglygy goraýyş we ylym hem-de sport ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasarynyň wezipesine M.Geldinyýazowy belläp, ony Ministrler Kabinetiniň bölüm müdiri wezipesinden boşatdy.


15f828acbdc8ee.jpeg
Parahorlukda we korrupsiýada günäkär adamlar kanuna laýyklykda jogapkärçilik çekerler
11.10.20 - 09:32

9-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowyň özüne ynanylan ulgama talabalaýyk ýolbaşçylyk etmegi oňarmandygyny belledi.


15f81b240ea324.jpeg
Dört sany ýaşaýyş jaýlary, 11 sany söwda dükanlary,13 sany ammarlary … rektor wezipesinde işlen Jenaýatkär döwletiň haýryna geçirdi
10.10.20 - 18:08

S.Ataýewa 2015-nji ýylyň aprel aýyndan 2020-nji ýylyň aprel aýyna çenli döwürde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesinde işlemek bilen, wezipe ygtyýarlygynyň çäklerinden göz-görtele çykýan hereketleri edipdir.


15f81925281e15.jpeg
Bilim ministrliginde uly möçberde para alynandygy ýüze çykaryldy
10.10.20 - 15:52

Bilim ministrliginde geçirilen barlaglaryň netijesi boýunça ministriň mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralary boýunça orunbasary wezipesinde işlän M.Gowşudowyň özüne ynanylan wezipäni gara nebsi üçin ulanyp, bikanun baýamak maksady bilen, wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatly peýdalanyp, uly möçberde para alandygy ýüze çykaryldy.


15f8174de7e7d3.jpeg
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň müdiri jenaýat jogapkärçiligine çekildi
10.10.20 - 13:46

9-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň Baş prokurory B.Atdaýew geçirilen seljermeleriň netijeleri barada hasabat berdi.