«Türkmennebit» döwlet konserni uglewodorod çig mal çykarmagyny artdyrýar
28.11.20 - 12:16«Türkmennebit» döwlet konserni uglewodorod çig mal çykarmagyny artdyrýar: şu ýylyň on aýynda nebitiň 3 million 245 müň tonnadan gowragy çykaryldy. «Önümi paýlaşmak hakynda» ylalaşyklara laýyklykda ýataklary işläp taýýarlaýan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň goşandyny nazara alanyňda ýurdumyzyň ýerastyndan nebitiň we gaz kondensatynyň 8 million tonna golaýy gazylyp alyndy.
Resmi habarlar
28.11.20 - 04:19Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň baş metjidiniň açylyşyna gatnaşdy
26.11.20 - 16:43Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde welaýatyň baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şanly senäniň — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda şäheriň köçeleridir şaýollary aýratyn öwüşgine eýe boldy.
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hat ýollapdyr
26.11.20 - 04:32Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahata gatnaşyjylara
24.11.20 - 10:46Gadyrly myhmanlar! Hormatly aragatnaşyk ulgamynyň işgärleri!
Türkmen-koreý hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýär
24.11.20 - 10:0723-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi.
Resmi habar
24.11.20 - 07:55Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şamuhammet Durdylyýewiň ýürek keseli bilen bagly hassahana ýerleşendigi sebäpli, onuň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Orazgeldiýewiç Öwezowyň üstüne ýüklenildi.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
23.11.20 - 08:28Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.
2021-nji ýylyň nyşanyny taýýarlamak boýunça bäsleşige 700-e golaý taslama gelip gowuşdy
23.11.20 - 08:032021-nji ýylyň nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan yglan edilen bäsleşige dürli ulgamlaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem-de höwesjeň raýatlaryň ençemesinden jemi 700-e golaý taslama gelip gowuşdy, emin agzalary tarapyndan olaryň iň gowulary seçilip alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumyny açdy
22.11.20 - 07:42Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň Çoganly şäherçesinde bina edilen Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Bitaraplyk gününiň hem-de Täze ýylyň öňüsyrasynda içerki bazaryň üpjünçiligi artdyrylýar
21.11.20 - 12:43Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň haryt öndürijileri hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde söwda ulgamyny azyk hem-de beýleki zerur önümler bilen doly üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Aşgabatda «Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahaty geçiriler
21.11.20 - 05:2924-25-nji noýabrda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahaty geçiriler.
Ýurdumyzda halkalaýyn energiýa ulgamyň taslamasyny amala aşyrmak boýunça işler geçirilýär
20.11.20 - 16:40“Ahal — Balkan” we “Balkan — Daşoguz” ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň we podstansiýalaryň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Aziýanyň ösüş bankyndan karz serişdeleri çekildi.
Aşgabatda Türkmen-koreý hökümetara toparynyň sekizinji mejlisi geçiriler
20.11.20 - 16:0023-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň sekizinji mejlisi geçiriler.
Energetiki barlaglar boýunça Oksford instituty Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň geljegine ýokary baha berýär
20.11.20 - 15:20Gaz senagatynyň ösüşi, gaz bazarlary, gaz eksport akymlary hem-de ýurtda gazdan peýdalanmaklygyň beýleki usullary — bular türkmen nebitgaz toplumynda Energetiki barlaglar boýunça Oksford institutyny (OIES) gyzyklandyrýan esasy ugurlardyr, diýip OIES-iň wekili Julian Bouden beýan etdi. Bu barada Trend habar berýär.